Eýranyň Prezidenti Täjigistana sapar bilen geldi
16.01.2025 | 11:15 |15-nji ýanwarda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan döwlet sapary bilen Täjigistana geldi. Bu barada «Howar» habar gullugy maglumat berdi.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbedäki halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany mähirli garşylady.
Howa menziliniň zalynda geçirilen gysga duşuşykda iki ýurduň liderleri Masud Pezeşkiýanyň Täjigistana ilkinji sapary we döwlet sapary bilen baglanyşykly meýilnamalary barada pikir alyşdylar. Taraplar bu saparyň iki ýurduň dil we medeni umumylygyna esaslanýan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypalary açjakdygyna ynam bildirdiler.
Masud Pezeşkiýanyň Täjigistana döwlet sapary 15–17-nji ýanwar aralygynda dowam eder. Saparyň dowamynda Täjigistan bilen Eýranyň ýokary derejeli duşuşyklary we gepleşikleri, hyzmatdaşlygyň täze resminamalarynyň köpüsine gol çekmek hem-de beýleki möhüm çäreler, şol sanda işewür, ylmy we edebi çäreler geçiriler.
ORIENT