Iň täze habarlar

Ronaldu “Al-Nasr” futbol klubynyň eýeleriniň biri bolup biler

15.01.2025 | 15:50 |
 Ronaldu “Al-Nasr” futbol klubynyň eýeleriniň biri bolup biler

Portugaliýanyň futbolçysy, hüjümçi we “Al-Nasr” futbol klubynyň hem-de Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň kapitany Kriştianu Ronaldu topar bilen şertnamany uzaldan ýagdaýynda Saud Arabystanyň “Al-Nasr” futbol klubynyň eýeleriniň biri bolar. Bu barada Marca gündelik ispan sport gazeti habar berdi.

Futbolçy topar bilen şertnamany bir ýyla çenli uzaltmakçy. Bu ýagdaýda Ronaldu 183 mln ýewro gazanyp, klubyň paýnamalarynyň uly bolmadyk göterimine eýe bolar.

39 ýaşly Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasr” klubynda çykyş edýär. Onuň klub bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. Şu möwsümde portugaliýaly oýunçy klubyň adyndan 20 duşuşygy geçirip, 17 sany gol saldy hem-de 3 sany netijeli geçirişleri amala aşyrdy.

Portugaliýaly hüjümçi 5 gezek “Altyn topy” almaga başardy. Ol futbolçylaryň arasynda karýerasynyň dowamynda resmi duşuşyklarda 900 gol görkezijä ýeten ilkinji futbolçy boldy.

ORIENT news

Foto: sport24.by

Şeýle hem okaň: