Iň täze habarlar

Türkmenistanda kibersport boýunça ýaryşlary geçirer

15.01.2025 | 13:09 |
 Türkmenistanda kibersport boýunça ýaryşlary geçirer

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy, her ýyl geçirilýän “Federasiýanyň kubogy 2025” ýaryşynyň başlanýandygyny yglan etdi, ýagny ol dört meşhur ugur boýunça kibersport bäsleşikleri birleşdirer: Dota 2, Counter-Strike 2, PUBG Mobile we eFootball. Ýaryşyň tapgyrlary 1-nji fewralda badalga alar we 10-njy fewrala çenli dowam eder.

15012025_Dota2.jpg

Ilki bilen Dota 2 we Counter-Strike 2 ugurlary boýunça toparlar ýeňiş gazanmak ugrunda göreşerler – bäsleşikler 1-3-nji fewralda geçiriler.

15012025_counter_strike.jpg

Yzy bilen ýurduň 8 sany güýçli toparynyň gatnaşmagynda PUBG Mobile boýunça ýaryş geçiriler. Bu oýunlary 7-9-njy fewral aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

15012025_PUBG.jpg

Ýaryşyň tapgyrlary 10-njy fewralda geçiriljek eFootball boýunça bir günlük bäsleşik bilen tamamlanar, bu ýerde 8 oýunçy ýeňiş gazanmak üçin bäsleşer.

Gatnaşyjylary hasaba alyş 20-nji ýanwarda açylar we 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwara çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: