Ýapon alymlary dişleri ösdürip ýetişdirmek üçin özboluşly derman serişdesini döretdiler
07.01.2025 | 11:59 |Ýapon alymlary täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berýän özboluşly innowasion derman serişdesini taýýarladylar. Bu barada “Agence France-Presse” habar berýär.
Agentligiň maglumatlaryna görä, bu derman serişdesi protezlere we implantlara alternatiw serişde bolup biler. Ylmy-barlag toparynyň başlygy Kasu Takahasi, munuň dünýäniň ylmy jemgyýeti üçin düýbünden täze tehnologiýadygyny aýtdy.
1-nji sentýabrda, Kýoto uniwersitetiniň ýapon alymlary dişleriň täzelenmegi üçin bir derman serişdäniň kliniki synaglaryna başladylar diýip Kitano hassahananyň web sahypasynda habar berilýär. Olar 2025-nji ýylyň awgust aýynda tamamlanar. Hemme zat meýilnama boýunça gitse, derman serişdesi 2030-njy ýylda satuwa çykarylar. Bu ylmy-barlaga azyndan bir dişiniň köki ýok, 30 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky 30 sany erkek adam gatnaşar. Synagyň birinji tapgyry tamamlanandan soň, derman serişdesi 2-7 ýaş aralygyndaky çagalarda ýagny doglanda azyndan dört dişi ýok hassalarda synagdan geçiriler.
ORIENT