Indoneziýa BRICS-e goşuldy
07.01.2025 | 12:05 |Indoneziýa BRICS-iň doly agzasy boldy, Braziliýanyň hökümeti bu barada maglumatyň ýurduň DIM-iň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendigini habar berdi.
“1-nji ýanwarda başlanan we 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam etjek Braziliýanyň wagtlaýyn BRICS-e başlyklygynyň çäginde Braziliýa hökümeti düýn, 6-njy ýanwarda Indoneziýa Respublikasynyň doly agza hökmünde BRICS-e resmi taýdan girendigini yglan etdi” – diýip beýanatda aýdylýar.
Indoneziýanyň dalaşgärligi 2023-nji ýylyň awgust aýynda Ýohannesburgdaky sammitinde toparyň ýolbaşçylarynyň arasynda ylalaşyk esasynda tassyklandy, muňa garamazdan, gurama goşulmak bu ýurtda prezident saýlawlaryndan we täze hökümetiň düzülmeginden öň bolupdy.
Prezident Wladimir Putin metbugat maslahatynda göni ýaýlymda köp döwletiň BRICS-iň ösüşine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, sebäbi guramadaky ähli kararlar ylalaşyk esasynda kabul edilýär. Rus lideriniň belleýşi ýaly, birleşme Günbatara garşy gural däl, eýsem agzalarynyň bähbidine işleýär.
BRICS – 2006-njy ýylda Russiýa, Hytaý, Hindistan we Braziliýa tarapyndan döredilen döwletara birleşigi, oňa 2011-nji ýylda GAR goşuldy. Moskwa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri guramnyň başlyklygy wezipesini ýerine ýetirdi, häzirki wagtda başlyklyk Brazilýa geçdi. Geçen ýyl bu topara Müsür, Efiopiýa, Eýran we BAE goşuldy.
ORIENT