Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy hytaý dilinе terjime edildi
25.12.2024 | 22:09 |2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çäräniň barşynda Hytaýyň ylmy we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden HHR-yň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen täze neşiriň türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.
Bellenilişi ýaly, beýik şahyryň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilmegi Hytaýyň ägirt uly okyjylar köpçüligine baý we köpugurly şahyrana mirasynda türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary beýan edilýän görnükli şahyryň döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.
ORIENT news