Belgiýaly rep aýdymçy Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna aýdym döretdi
20.12.2024 | 15:50 |"Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" ýylynyñ ahyrynda Belgiýadaky Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ hemaýaty bilen, ýaş belgiýaly aýdymçy Toni täze eserini hödürledi. Bu gezek aýdymçy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna aýdym döretdi.
Pop-rep žanrynda iñlis dilinde ýerine ýetirilen bu aýdym "Görer gözüñ - iliñi" (rus görnüşi "Люби свой народ", iñlis - "Love Your People") goşgynyñ esasynda döredildi. Bu eserinde şahyr ruhlandyryjy çagyryş bilen adam kalbyna ýüzlenýär: öz halkyñy söýmek, onuñ at-abraýyny we mertebesini goramak, däp-dessurlara we ulylaryñ parasatlygyna hormat goýmak. Goşgy diñe watan söýüjiligi barada beýan etmän, eýsem ruhy kämillige ýetmegi we ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlylygy hem açyp görkezýär.
Bu iş Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ Toni bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyñ dowamy boldy. Ozal şu ýyl rep görnüşinde ýerine ÿetirilen "Turkmenistan Dreams" aýdymynyñ wideo eseri bilen tanyşdyryldy. Brýuselliñ meşhur ýerlerinde hem-de Türkmenistanyñ diplomatik wekilhanasynyñ binasynda düşürilen şekilli aýdym köpçülik tarapyndan gyzgyn kabul edildi.
"Turkmenistan Dreams" Türkmenistana, onuñ baý medeniýetine we däp-dessurlaryna bolan söýgi barada beýan edýär. Türkmenistanyñ ilçihanasynyñ diplomaty Maral Rahymowa tarapyndan ýazylan aýdymyñ sözleri Magtymgulynyñ türkmen halky üçin ruhy ýol-ýörelgesi hökmünde tutýan ornuny açyp görkezýär.
Belgiýadaky Türkmenistanyñ ilçihanasy tarapyndan goldanylýan başlangyçlar daşary ýurtda milli medeniýetimizi üstünlikli şöhlelendirmek bilen, medeni gatnaşyklary pugtalandyryp, halklary birleşdirýän döredijilige ruhlandyrýar.