Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynyň muzeýinde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany artýar

19.12.2024 | 15:20 |
 Daşoguz welaýatynyň muzeýinde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany artýar

“Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly şygar astynda geçýän bu ýylda Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde welaýata gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň artmagy bellenilýär.

“Bu muzeýimiziň ýurduň syýahatçylyk kompaniýalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň netijesidir” – diýip, muzeýiň ylmy işgäri we sungaty öwreniji Batyr Uzakberdiýew belleýär.

“Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda syýahatçylyk pudagy ösdürilýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, onuň gadymy we baý taryhy, türkmen halkynyň medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary munuň möhüm faktorlary bolup durýar. Biz syýahatçylyk guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarys, bu bolsa işimiziň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar hem-de milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýär. Biz sergi zallarymyzda ekskursiýalary geçirip, gelýän myhmanlaryň öňünde eksponatlaryň gymmatlylygyny we ähmiýetini açyp görkezmäge çalyşýarys”.

Uzakberdiýewiň aýtmagyna görä, köp myhmanlar Türkmenistanyň muzeýleri bilen Internet, şol sanda “virtualmuseum.gov.tm” resmi saýty arkaly tanyşýarlar. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň baý milli mirasyna, onuň arheologiki we tebigy ýadygärliklerine, däp-dessurlaryna we gazanan üstünliklerine artýan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Şu günki gün Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini we sungatyny şöhlelendirýän müňlerçe eksponatlar ýerleşdirilen.

Foto: www.turkmenistaninfo.ru

Şeýle hem okaň: