Türkmenistan DARYA maksatnamasy arkaly sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürýär
13.12.2024 | 11:40 |Ýewropa Bilim Gaznasy (ÝBG) 1995-nji ýyldan bäri bilim we hünär taýýarlyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edilýän tagallalary goldamak bilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk alyp baryar. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, mümkinçilikleriň elýeterliligini üpjün etmek we sosial jebisligi berkitmek ýaly has giň maksatlaryna laýyk gelýär. ÝBG dürli Ýewropa ýurtlarynyň tejribesini we öňdebaryjy usullaryny paýlaşyp, Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Daşary Aragatnaşyk Gullugynyň işlerini doldurýar.
2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada ýaşlary goldamak maksady bilen ilkinji sebit taslamasyny – DARYA (Merkezi Aziýada Resursly Ýaşlar üçin Dialog we Hereketler) maksatnamasyny durmuşa geçirdi. ÝBG tarapyndan amala aşyrylýan bu bäş ýyllyk taslama 10 million ýewro möçberindäki býujete eýe bolup, 2022-2027-nji ýyllar üçin meýilleşdirilen. Maksatnama Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iş bazarlarynda inkluziýany güýçlendirmäge we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Taçýanowa bu başlangyjyň ähmiýetini belläp, şeýle diýdi: “Türkmenistan üçin ýaşlara mümkinçilikleri döretmek örän uly ähmiýete eýedir we iş berijileriň isleglerine laýyk gelýär. DARYA maksatnamasy biziñ ýurdumyzyñ demografik ösüşini nazara alýar.”
ÝBG-niň Türkmenistandaky wekili we adam maýasy ösüşi boýunça bilermeni Katarina Lukatsowa ýurduň DARYA maksatnamasyna işjeň gatnaşýandygyny nygtap, şeýle belledi: “Türkmenistan DARYA maksatnamasyny doly durmuşa geçirmäge ygrarly bolup, ÝB-niň SCAFFOLD gurallaryny milli ulgama goşmagy öz içine alýar. Şeýle hem maglumat esasly usullary we hünär bilen baglanyşykly innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýär.”
Sentýabr aýynda ÝBG Aşgabatda DARYA maksatnamasynyň başlangyçlaryny ösdürmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin sapar gurnady. Katarina Lukatsowa we syýasat maslahatlaryny işläp düzmek bölüminiň ýolbaşçysy Georgios Zissimosyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, hünär başarnyklaryny ösdürmek we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Zissimos we Lukatsowa birnäçe ministrlikleriň, şol sanda Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirdiler. Şeýle hem Döwlet statistika komiteti, Söwda-senagat edarasy we Senagatçylar we telekeçiler birleşigi ýaly guramalaryň wekilleri bilen duşuşyldy. ÝB-niň wekiliýeti bilen bilelikde gurnalan Bilim, başarnyklar we iş bilen üpjünçilik atly duşuşykda UNICEF, Ýewropa Täzeleniş we Ösüş Banky we Aziýa Ösüş Banky ýaly esasy hyzmatdaşlar gatnaşdy.
Zissimos öz gezeginde şeýle belledi: “Bu duşuşyklar Türkmenistanyň bilime, ýaşlara we iş üpjünçiligine aýratyn üns berýändigini hem-de DARYA maksatnamasynyň ösüş guraly hökmünde ähmiýetini görkezdi. Hünär, başarnyklar we okatmagyň usullary ýaly usullary eýýäm milli meýilnama ornaşdyrylýar. Şeýle hyzmatdaşlyk ÝB-niň ileri tutýan ugurlaryny goldamak bilen birlikde sebitiň uzak möhletli durnuklylygyna we gülläp ösmegine goşant goșýar.”
ÝB-niň ýokary derejeli wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran soňky saparlary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini görkezýär.
3-nji oktýabrda Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilainen Türkmenistana saparyny amala așyryp, ýurduň ÝB-niň Global derwezeler strategiýasyndaky ornuny belledi. Ol şeýle diýdi: “Ýewropa Bileleşigi üçin Türkmenistan Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaş bolup durýar. Diplomatik gatnaşyklarymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda, Türkmenistana konstruktiw hyzmatdaşlyk we häzirki gün geçirilýän ýokary derejeli Trans-Hazar halkara ulag geçelgesiniñ Koordinasiýa platformasy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Aşgabada amala așyrýan saparym Türkmenistanyň hökümeti bilen ulag we kommunikasiýadan başga-da, howanyň üýtgemegi, energetika we ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak prosesi ýaly giň ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.”
Şeýle hem, 4-nji oktýabrda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala Trans-Hazar halkara ulag geçelgesiniň Koordinasiýa platformasynda ÝB-niň gatnaşmagynyň sebitiň integrasiýasyny we gülläp ösmegini berkitmek baradaky ygrarlylygyny tassyklandygyny aýtdy.
DARYA maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk has-da güýçlenýär. Lukatsowa öz gezeginde bolsa: “ÝB-niň SCAFFOLD ýaly gurallaryny Türkmenistanyň milli ulgamyna ornașdyrmak we DARYA maksatnamasynyň çäresine işjeň gatnaşmak ýurduň ýaşlaryň hünärini we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär. ÝBG SCAFFOLD gurallary boýunça milli okuw çärelerine hem gatnaşdy.” diýip belledi.
Bu iş, ÝB-niň inklýuziw ösüşi goldamak, ýaşlar üçin mümkinçilikler döretmek we Merkezi Aziýadaky bäş ýurt bilen sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly has giň maksatlaryna laýyk gelýär.
“Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlyga ýokary derejede taýýardygyny görkezdi, ÝBG bolsa bilim we hünär başlangyçlary arkaly baglanyşdyryjy halka bolup biler. Şeýle hyzmatdaşlyk diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, sebitdäki ähli ýaşlar üçin hem giň mümkinçilikleri açýar,” diýip, Lukatsowa belledi.