Iň täze habarlar

Türkmenistan Sankt-Peterburgdaky "Moda arkalaşygy" atly Halkara forumyna gatnaşýar

20.11.2024 | 13:55 |
 Türkmenistan Sankt-Peterburgdaky "Moda arkalaşygy" atly Halkara forumyna gatnaşýar

Düýn, 19-njy noýabrda Sankt-Peterburgyñ Tawriçeskiý köşgünde "Moda arkalaşygy" atly Halkara forumy öz işine başlap, ol GDA ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan, şeýle hem çärä ilkinji gezek gatnaşýan Angola Respublikasyndan 1,5 müñden gowrak wekillerini ýygnady.

Iki günüñ dowamynda gatnaşyjylar moda senagatynyñ derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar: pudagyñ ösdürilmegi, goldaw bermegiñ döwlet we maýa goýum maksatnamalary, innowasiýalaryñ ornaşdyrylmagy, kärhanalaryñ işgär üpjünçiligi we medeni däpleriñ häzirki zaman trendlere täsir etmegi. 1 Türkmenistan özüniñ dokma önümçiliginiñ baý däpleri bilen meşhur bolup, Forumda egin-eşikleriñ özboluşly milli görnüşini görkezýär.

Maksatnamanyñ çäklerinde umumy mejlisler, tegelek stollar we mowzuklaýyn sergiler guralan. RF-iñ Federasiýa Geñeşiniñ Başlygynyñ orunbasary Inna Swýatenko Forum medeniýetara gatnaşyklarynyñ pugtalandyrylmagyna, däbe öwrülen senetleriñ goldanylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyñ ösdürilmegine ýardam edýändigi barada belledi.

Forumyñ çäklerinde pudaklaýyn assosiasiýalaryñ we kärhanalaryñ arasynda 20-ä golaý ylalaşyklaryñ gol çekilmegine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: modanews.ru

Şeýle hem okaň: