Iň täze habarlar

Sungatyň çatrygy: Aşgabatda ýaş zehinler, surat we aýdym-sazlar ýene birleşer

19.11.2024 | 03:05 |
 Sungatyň çatrygy: Aşgabatda ýaş zehinler, surat we aýdym-sazlar ýene birleşer

2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda üstünlikli başlanan we hatda ýurduň çäginden çykyp, Moskwanyň Edebiýat institutyna çenli baryp ýeten “Sungatyň çatrygy” çeper taslamasy öz işini dowam etdirýär. Onuň maksady sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek we jemgyýeti ýaş zehinler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Aýdym-sazy, surat we zehinleri öz içine alýan nobatdaky duşuşyk 20-nji noýabrda Aşgabatdaky Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde geçiriler. Başlaýan wagty 14:30.

Duşuşygyň maksatnamasynda mugallym Ahmat Abaýewiň şägirtleriniň we özi tarapyndan ýerine ýetiriljek aýdym-saz çykyşlaryny öz içine alýar. Dürli ýurtlardan kompozitorlaryň eserleri köpçülige hödürlener, şeýle hem kompozitor Aýna Şirowanyň “Deňiz suratlary” inturmental tapgyrynyñ premýerasy görkeziler. Oboýa we fortepýano saz guralynda ýerine ýetirmek üçin ýazylan bu saz eskizleri, Hazaryň kenar ýakasyndaky atmosferany - tolkunlary, ýel we syrly ýatlamalary görkezýär.

Agşamyň ýene bir ajaýyp pursady ýaş kompozitor Tylla Şirowanyň çykyşy bolar. Ol diňleýjileriň ýüregine aralaşmagy wada berýän beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiliginden ruhlanan täze kompozisiýasyny hödürlär.

Myhmanlar aýdym-sazdan başga-da, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň iň gowy eserleriniň sergisine gatnaşarlar. Bu ýerdäki ajaýyp surat eserleri, sungatyň bitiwi ýörelgesini dowam etdirip, agşamy ajaýyp öwüşginler bilen doldyrar.

“Sungatyň çatrygy” sungatyň serhediniň yokdygyny subut etýär hem-de duýmaga, döretmäge we ylham almaga taýyn bolan her bir adamy birleşdirýär.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: