Singapur çöllerde we tokaýlarda energiýanyň täzeden dikledilýän çeşmelerini gözleýär
24.08.2024 | 02:50 |Maglumat işläp taýýarlaýan ägirt uly merkezleriniň elektrik energiýasyna bolan onsuzam uly islegi ýokarlandyrmaga bolan mejburlyklaryna görä, kiçijik şäher-döwleti bolan Singapur arassa energiýanyň gözleginde Awstraliýanyň çöllerine we Malaýziýanyň tropiki tokaýlaryna ýüz tutýar.
AFP ýazmagyna görä, bu hepde Awstraliýa iri gün elektrik bekediniň gurulmagy barada habar berdi. Olaryň umyt etmegine görä, bu beket suwasty kabel boýunça Singapura 2 gigawatt (GWt) elektrik energiýasyny geçirmäge mümkinçilik berer.
Singapur 2050-nji ýyla çenli uglerodyň zyňyndylaryny nol derejä ýetirmegi göz öňünde tutýar, emma ýurt uly derejede nebitiň we gazyň importuna bagly bolup durýar. Şäherde ýel we suw energiýasynyň öndürilişi üçin şertler ýokdur. 2030-njy ýyla çenli ol ýerlerde gurnalan gün elektrik beketleriniň kömegi bilen iki gigawatt elektrik energiýasyny öndürmekçi hem bolsa, iri gün elektrik beketler üçin onuň ýeterlikli meýdan ýerleri ýokdur.
Munuň bilen bilelikde isleg ýokarlanar, esasan hem maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezler tarapyndan. Singapuryň elektrik energiýasynyň harçlanyşynyň eýýäm 7 % olaryň paýyna düşýär. 2030-njy ýyla çenli bu görkeziji 12 % çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar.
Bu islegi kanagtalandyrmak üçin Singapuryň elektrik energiýa bazarynyň Müdirligi Kambojidan 1 GWt, Indoneziýadan 2 GWt, Wýetnamdan 1,2 GWt elektrik energiýasynyň importuna şertli rugsatnamalary berdi.
Bu gün, ýel we suw elektrik energiýasynyň utgaşdyrylmagynyň netijesidir. Bu bolsa sebitde giň ýaýran, emma jedelli energiýa çeşmesidir, sebäbi onuň ulanylyşy tokaýlaryň çapylmagy hem-de bentleriň gurulmagy bilen daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy bilen häsiýetlendirilýär.
Ember derňew merkeziniň maglumatlaryna görä, 2035-nji ýylda Singapurda täzeden dikeldilýän energiýanyň importy elektrik energiýasynyň takmynan 30 % düzer diýip çaklanylýar.
Emma Singapuryň öňdebaryjy döwlet uniwersitetleriniň biri bolan Nanýan energetika ylmy-barlag institutynda habar berilmegine görä, geçiriliş uzynlygy, energiýanyň ýitirilmegi we işde näsazlyklar ýaly köpsanly meseleler bardyr.
Meýilnama 4300 km suwasty kabeliň geçirilmegini göz öňünde tutýar. We bu taslama Singapuryň energiýa düzgünleşdirýän edaralary, Indoneziýanyň hökümeti we Awstraliýanyň jemgyýetleri tarapyndan makullanmaly.
Derňewçiler şäher-döwletde Taýlandyň we Malaýziýanyň üsti bilen Laosdan suw elektrik energiýasynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly bu meseleleriň käbiriniň eýýäm ýüze çykandygyny belleýärler. Dürli ýurtlaryň çäginden energiýanyň geçirilmegi bilen bagly gapma-garşylyklar hem-de ykdysadyýetleriň arasynda täzeden dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan ygtyýarlyklaryň arasynda bäsdeşlik döräp biler.
Bu bolsa täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasyny Singapur üçin örän ähmiýetli edýär. Şäher käbir ýagdaýda özboluşlydyr: bu ýerde elektrik energiýa bolan islegi hemişe ösüp, sebit boýunça görkezijiden bäş esse köpdür. Emma ýurt has giň we global tendensiýanyň bölegi bolup, öz zerurlyklaryny daşary ýurtda kanagatlandyrmaga bolan niýetinde ýalňyz däldir.