Ýaş nesliň ekologiýa medeniýeti başlangyjy ýaş tebigatçylaryň sanyny artdyrdy
22.08.2024 | 23:45 |Aşgabatda geçirilen “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan gyzykly ekologiýa kwest-gözleg oýuny Türkmenistanyň ýaş tebigatçylarynyň sanyny artdyrdy.
Çäre ýaş ösüp gelýän nesilde tebigata bolan aýawly gatnaşygynyň we ekologiýa jogapkärçiliginiň kämilleşdirilmegine gönükdrildi, ylmy-öwrediji mazmunly inetraktiw oýun bolsa mekdebe çenli körpelerden başlap uly synplardaky çagalara çenli bolan ähli ýaşdaky çagalary özüne çekdi.
Kwest oýnuna gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň ýaş raýatlary, tebigat, tebigy gurşawda özüňi alyp barmagyň kadalary we endikleri baradaky bilimler bilen baglanyşykly synaglary höwes bilen geçip, özüniň toparda işlemek we döredijilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Kwest oýny ekologiýanyň dürli ugurlaryna bagyşlanan birnäçe “duralgalary” özünde jemledi: haýwanlarynyň aýak yzlaryny bilmekden başlap daşky gurşaw üçin howpsuz ot ýakmak ukybyna çenli.
Munuň ýaly çäreler ýaş nesilde çaganyň tebigy bilesigelijiligi arkaly ekologiýa medeniýetini terbiýelemäge mümkinçilik berýär. “Biz çagalaryň ekologiýa meselelerine bolan beýle gyzyklanmalaryny görmäge örän şat. Çagalaryň daşky gurşawy gorap saklamakda öz ornuny bilmek üçin kiçi ýaşdan tebigata bolan söýgini döretmek zerurdyr” – diýip, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň wekili Şirin Žožyýewa belläp geçdi.
Kwest oýnuna ähli gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Çaga Gaznasynyň adyndan sowagtlar – mekdep esbaplarynyň toplumy bilen sylaglanyldy. Ýaş ekologçylar üçin bu garaşylmadyk sowgat bolup, munuň ýaly çärelere geljekde hem gatnaşmaklaryna höwes döretdi.
Serginiň guramaçylary we Çaga Gaznasynyň hemaýaty bilen gurnalan “Ýaş tebgatçy” jemgyýetçilik guramasynyň ýaş nesliň ekologiýa medeniýeti başlangyjy üstünlikli bolup, onuň geljekde ösüp, isleg bildirýän hyzmatdaşlaryň kömegi bilen has göwrümli ýagdaýda geçiriler diýip umyt etmäge esas berýär.
ORIENT news