Bu "startup" agaçlary çapmazdan kagyz öndürmekde dökülen ýapraklary ulanýar
15.08.2024 | 23:20 |Kompaniýalar ýapyk aýlanyşyk we aýlanyşykly ykdysadyýet konsepsiýalary barada gürrüň etmäni gowy görýärler, emma uly bolmadyk aýlanyşyklary ýapmana çalyşýarlar. "Releaf Paper" şäherdäki agaçlaryň dökülen ýapraklaryny ýygnap, olary torbalar üçin, ofis esbaplary we beýlekiler üçin kagyza öwürýärler – diýmek olar ägirt uly aýlanyşygy ýapmaga çalyşýarlar.
Nähili derejede uly? WWF-nyň maglumatlaryna görä, her ýyl kagyz önümleriniň önümçiligi üçin 6 mlrd agaç çapylýar. Ondan bolsa ähli zat ýasalýar: hajathana kagyzyndan başlap Amazon gutylaryna we iň täze bestsellere çenli. Munuň bilen birlikde, statistika boýunça ortaça şäherler ýylda 8000 tonna ýaprak öndürýär. Olar suw ýaplaryny, ýerlagymlary bitirýärler, şonuň üçin hem bu ýapraklary ýygnap, kompostirlemek, ýakmak ýa-da zir-zibil dökülýän ýerlere äkitmek zerurdyr.
Başgaça aýdamyzda, ägirt uly teklip we isleg, ýöne "Releaf Paper" haýran galdyryjy ösüşi amala aşyrýarlar. Olar eýýäm Parižde ýerleşýän ştab-kwartiralarynda her ýyl 5000 metriki tonna ýapraklardan 3 mln kagyz torbalaryny öndürýärler. Bu innowasion çemeleşme we pikiriň özi (aýak astynda ýatan pul) 2,3 tonna gaçan ýapraklardan 1 tonna sellýuloza öndürmäge mümkinçilik berýär.
Ýewropa şäherleriniň landşaft dizaýnerleri bilen tagallalaryny birikdirip, bu kompaniýanyň kärhanasyna müňlerçe tonna ýaprak gelip gowuşýar. Bu ýerde pes suw düzümli hem-de sera we hloruň nol düzümli önümçilik işi has pes suw we uglerod yzly kagyz öndürmäge mümkinçilik berýär.
Releaf eýýäm LVMH, Logitech, Samsung ýaly iri kompaniýalara öz önümlerini satýarlar. Ýakyn ýyllarda beýleki ýurtlarda zawodlaryny açyp, kompaniýa öz önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. ZME Science saýtynyň ýazyşy ýaly, eger-de bu iş ykdysady taýdan netijeli bolsa, onda her şäherde munuň ýaly görnüşli kagyz fabrikleriň döredilmezligine sebäp ýok.