Iň täze habarlar

“Goç Ýigit” brendi “KidsExpo” sergisinde çagalar üçin “Oguzlar” kolleksiýasyny görkezer

15.08.2024 | 10:20 |
 “Goç Ýigit” brendi “KidsExpo” sergisinde çagalar üçin “Oguzlar” kolleksiýasyny görkezer

“Goç Ýigit” brendi çagarlar üçin “Oguzlar” kolleksiýasyny 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasynda (satuw) hödürlär.

Bu çagalaryň moda dünýäsinde ullakan waka bolar. Kolleksiýa türkmen milli medeniýetiň aýratynlygyndan ruhlanyp, geýip arkaly türkmen medeniýeti öz nusgasyny tapar.

Bu görkezilişe ýaşajyk modaçy oglan-gyzlar şeýle hem olaryň ene-atalary çagyrylýar. Meýdany 1600 kw. m bolan çäkde sahna we uly LED-ekran gurnalar. Bu modeller Türkmenistanyň öňdebaryjy stilistleri tarapyndan taýýarlanar.

“Goç Ýigit” brendi türkmen estrada ýyldyzlarynyň arasynda örän meşhurdyr. Mundan başga-da, bu brend Akon, Dr Albany, Sergeý Lazarew, Irem Demirçi, Mustafa Sandal, Mustafa Jejeli ýaly dünýä belli ýyldyzlaryň Türkmenistana gelenlerinde stilisti boldy.

Görkeziliş 19-njy awgustda sagat 14:15-de bolar.

Geçiriljek ýeri: “Garagum” myhmanhanasynyň sergi meýdançasynda.

Görkezilişiň fotalary we wideo ýazgylary serginiň saýtynda ýerleşdiriler.

Bu ajaýyp mümkinçiligi elden bermäň! Hemmäňize “KidsExpo”-da garaşýarys!

ORIENT news

Foto: guramaçylar tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: