Gazagystan ekologiýa taýdan arassa awiaýangyjyny öndürmegi meýilleşdirýär
09.08.2024 | 10:05 |Gazagystan ekologiýa taýdan arassa awia ýangyjyny (SAF – Sustainable aviation fuel) öndürmegi meýilleşdirýär. Bu mesele “KazMunaýGaz” milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Ashat Hasenow bilen Amerikanyň “LanzaJet” tehnologiýa kompaniýasynyň baş müdiri Jimmi Samarsisiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
“KAZINFORM” halkara habarlar gullugynyň habaryna görä, bütin dünýäde ekologiýa taýdan arassa awiaýangyjyna uly isleg bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “LanzaJet” -iň baş direktory Jimmi Samarsis ekologiýa taýdan arassa awiaýangyjyny öndürmekde doly tehnologiki goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Taraplar hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.
“LanzaJet” etanoldan (“etanol awiakerosin” ýa-da “alcohol-to-jet”) SAF öndürmek üçin tehnologiýany taýýarlaýan kompaniýadyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda kompaniýa etanoldan SAF öndürmek üçin dünýäde ilkinji “LanzaJet Freedom Pines Fuels” täjirçilik göwrümli zawodyny işe girizdi.
Ekologiýa taýdan arassa awiaýangyjyny (SAF) adaty uçar ýangyjynyň alternatiw görnüşi hökmünde işlenip düzülen durnukly awiaýangyjydyr. Awiasiýa pudagyny dekarbonizasiýalaşdyrmak üçin täsirli guraldyr, sebäbi adaty awiakerosini bilen deňeşdirilende uglerod zyňyndylaryny 80% azaldýar.
SAF ösümlikden we beýleki gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden öndürilýän bioetanoldan (etil spirtinden) hem öndürip bolýar.
ORIENT news