Hytaý “ýaşyl” energiýa boýunça öňünde goýan maksadyna möhletinden 6 ýyl öň ýetdi
19.07.2024 | 10:10 |Hytaý Halk Respublikasy öňünde goýan aralyk howa maksatlaryna möhletinden alty ýyl öň ýetendigini Hytaýyň Milli statistika býurosy habar berdi.
Şeýlelik bilen, 2030-njy ýyla çenli öňde goýlan maksatlaryň biri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden 1200 GWt energiýa almaklykdy. Hytaýda 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli umumy kuwwaty 1,152 GWt bolan günden we ýelden energiýa öndürýän desgalary meýilnamalardan ep-esli öň işe girizdi.
Şu ýylyň ilkinji bäş aýynda Hytaýda kuwwatlygy 103,5 GWt bolan ekologiýa taýdan arassa energiýa öndürýän desgasy (şol sanda ýadro we gidroenergetika desgalary) işe girizdi. 2023-nji ýylda bolşy ýaly, gün energiýasy Hytaýyň önümçilik kuwwaty ýokarlandyrmakda öňdebaryjy bolmagynda galýar.
Ýel energiýasy Hytaýda ekologiýa taýdan arassa energiýanyň ikinji çeşmesine öwrüldi. Ýelden elektrik energiýasyny alýan enjamlarynyň gurnamalary ýyllyk hasaplamalar bilen deňeşdirilende 21% ýokarlandy we günden energiýa öndürmek hem 2023-nji ýyldaky rekord derejeden hem ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Şeýlelik bilen 2024-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Hytaýda ýel we gün energiýasynyň umumy kuwwaty 1,152 GWt ýetdi. Bu bolsa ýakyn wagtda 2030-njy ýylda çenli kesgitlenen maksatda möhletinden öň ýetmäge mümkinçilik berer.
ORIENT news