Iň täze habarlar

Timar: Türkmenistanda mebel aksessuarlar bazarynyň öňdebaryjysy öz iş gerimini giňeldýär

08.07.2024 | 00:22 |
 Timar: Türkmenistanda mebel aksessuarlar bazarynyň öňdebaryjysy öz iş gerimini giňeldýär

“Timar” kompaniýasy mebel aksessuarlarynyň dürli görnüşlerini hem-de ýokary hilli önümleri hödürleýär. Häzirki wagtda bu dukanlar tory tutuş ýurd boýunça müşderileriň isleglerine laýyk hyzmatlary hem-de innowasiýa çözgütleri bilen meşhurdyr.

Kompaniýanyň döreýiş taryhy we alyp barýan işi

07072024-timar-orient (1).jpg

“Timar” kompaniýasy öz işine 2011-nji ýylda başlady hem-de Türkmenistanda mebel aksessuarlaryny getirýän, mebel üçin taýýar çözgütleri, dekory we harytlary hödürleýän ilkinji kompaniýa boldy. Kompaniýanyň alyjylara hödürleýän önümleri öýleri we edaralary has owadan we amatly görnüşe getirýär. Şol ýyllardan bäri “Timar” kompaniýasynyň dükanlar tory giňedi, olar Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda, balkanabatda we Ýolötende ýerleýşärler. Ýakyn wagtlarda kompaniýa Daşoguzda we Türkmenbaşy şäherlerinde, ýurduň beýleki künjeklerinde täze dukanlary açmagy meýilleşdirýär.

07072024-timar-orient (2).jpg

Harytlaryň görnüşleri we anyk müşderi üçin çözgütler

“Timar” kompaniýasy “sargyt boýunça” mebel barada gürrüň gidende, örän meşhurdyr. Kompaniýa dürli aksessuarlar bilen bir hatarda, taýýar mebeliň daşky görnüşine hem-de ulanylyşyna düýpli täsir edýän olaryň tutawaçlary, petleleri, beýleki detallary hödürleýär. Häzirki döwrüň alyjylary öz şahsy isleglerine hem-de maliýe mümkinçiliklerine laýyklykda mebelleri sargyt edýärler.

07072024-timar-orient (5).jpg

“Timar” kompaniýasy bolsa olaryň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýar.

07072024-timar-orient (3).jpg

Müşderileriň göwnüni tapmak hem-de onlaýn satuw maksatnamasy

“Timar” kompaniýasy hemişelik müşderileri üçin nyrh ýeňilliklerini berýän toplaýyş kartalary bolan müşderileriň göwnüni tapmak maksatnamasyny hödürleýär, olar harytlara 5 göterim we ondan hem ýokary arzanladyş ulgamyny üpjün edýär. Şeýle hem kompaniýa öz www.timar.сom.tm. saýtynyň üsti bilen onlaýn görnüşdäki satuwy işjeň ösdürýär, munuň özi alyjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär.

Şeýlelikde, “Timar” kompaniýasy ösüşini hem-de ýokary hilli mebel aksessuarlary we hyzmatdy bilen öz müşderilerini şatlandyrmagy dowam edýär, Türkmenistanyň bazarynda öz ornuny pugtalandyrýar.

07072024-timar-orient (9).JPG

Kompaniýa bilen habarlaşmak üçin:

Тел: +99312753125, +99362300168

Instagram: timar- market

TikTok: timar-market

07072024-timar-orient (10).JPG

ORIENT news

Foto: timar_market

Şeýle hem okaň: