Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Eksport işi boýunça wiktorina gatnaşmaga çagyrýarys

25.06.2024|15:00|
1735
eksport-isi-boyunca-wiktorina-gatnasmaga-cagyryarys
Surat çeşmesi: Stockcake.com

Ähli eksport höwesjeňleriniň dykgatyna!

Eksport işi boýunça wiktorinanyň üçünji tapgyryna gatnaşmaga çagyrýarys! Bu wiktorina bilimleriňizi barlamak we eksport dünýäsinden gerekli düşünjeleri almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Geçiriljek senesi: 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly, duşenbe güni
Wagty: Irden sagat 10:00-dan agşam sagat 22:00 çenli
Görnüşi: 30 soragdan ybarat bolan test
Mazmuny: https://orient.tm/en/new/posts/news/pomosh-eksporteram web-sahypasyndaky berlen maglumatlardan düzülen soraglar

Wiktorina gatnaşmak näme üçin gerek:

  • Eksport amallary we düzgünleri boýunça bilimleriňizi barlamak.
  • Berlen çeşme materiallaryndan gerekli düşünjeleri almak.
  • Beýleki gatnaşyjylar bilen bäsleşmek.
  • Gymmat bahaly we ýatdan çykmajak baýraklary gazanmak.

Eger wiktorina gatnaşmaga taýyn bolsaňyz, bellige alyş formasyny doldurmagyňyzy haýyş edýäris .

Eksport tejribäňizi ýokarlandyrmak üçin bu mümkinçiligi elden gidirmäň!

Bellik: Bu maglumaty eksport işi barada has giňişleýin öwrenmek isleýänler bilen paýlaşmagyňyzy ýatdan çykarmaň.

Eksport işi boýunça wiktorina gatnaşmaga çagyrýarys