Iň täze habarlar

Kagyz işi: ýükleri ibermek üçin eksport resminamalaryny taýýarlamak

14.06.2024 | 17:40 |
 Kagyz işi: ýükleri ibermek üçin eksport resminamalaryny taýýarlamak

Harytlary eksport etmek halkara bazarlaryna gapylary açýar, ýöne gümrük düzgünleriniň dünýäsine aralaşmak çylşyrymly bolup biler. Doly we dogry resminamalar üstünlikli eksport işi üçin möhümdir. Bu makala esasy taýýarlamaly eksport resminamalary, şeýle hem töleg görnüşleri we Size kömek etmek üçin beýleki maglumatlary öz içine alýar.

Esasy eksport resminamalary

Ýüküňiz ýola çykmazdan ozal aşakdaky resminamalaryňyzyň bardygyna göz ýetiriň:

Hasap-faktura

Bu eksport resminamalaryňyzyň esasyny düzüp, harytlaryňyz üçin jikme-jik satuw kwitansiýasydyr. Ol:

o Satyjy we satyn alyjy barada maglumatlary (atlar, salgylar, habarlaşmak üçin maglumatlar);

o Hasap-fakturaň belgisi we senesi;

o Önümiň beýany (*DYI HN kody** bilen - standartlaşdyrylan önüm klassifikasiýa ulgamy boýunça);

o Her harydyň mukdary;

o Bir harydyň bahasy we harytlaryň jemi bahasy;

o Şol amal üçin ulanylýan walýuta birligi;

o Satuw şertleri (mysal üçin, Incoterms - halkara söwdasynyň standartlaşdyrylan şertleri);

o Öndüriji ýurt barada maglumatlary öz içinde saklamaly.

Gaplama sanawy

Bu resminama gümrük taýdan takyk resmileşdirilmegini üpjün edip, ýüküň düzümi barada jikme-jik maglumaty jemleýär. Ol:

o Hasap-fakturaň belgisi;

o Her harydyň beýany (mukdary, agramy we ölçegleri);

o Gaplamalaryň sany we olaryň görnüşi (gutular, ýaşikler we ş.m.);

o Ýüküň umumy agramy we göwrümi öz içine almalydyr.

Gelip çykyş şahadatnamalary (GÇ):

GÇ döwlet edarasy ýa-da ygtyýarly edara tarapyndan önümiň belli bir ýurtdan gelip çykandygyny tassyklaýan resminama. Bu köplenç söwda şertnamalaryna laýyklykda ýeňillikli nyrhlar üçin talap edilýär. Olaryň başga görnüşleri hem bar :

o Ýeňillikleriň umumylaşdyrylan ulgamynyň şahadatnamasy: ösýän ýurtlardan ösen ýurtlara käbir harytlaryň paçsyz ýa-da ýeňillikli importyny üpjün edýär.

o Erkin söwda şertnamasynyň şahadatnamasy: Belli bir erkin söwda şertnamasy boýunça ýeňillikli nyrhlara laýyk gelýän önümler üçin zerur.

Mysal: Germaniýadaky bir satyn alyja elde ýasalan agaç mebellerini eksport edýän türkmen kärhanasyny göz öňe getiriň. Mebel önümleriniň (HS kodlary bilen) mukdary, birlik bahasy we jemi bahasy barada jikme-jik söwda fakturasyny taýýarlamaly bolarsyňyz. Gaplama sanawynda gaplaryň sanyny, agramyny we her gaplamanyň içindäki mebelleriň böleklerini görkezer. Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda şertnamasyna baglylykda, ýeňillikli nyrhlardan peýdalanmak üçin ýörite gelip çykyş şahadatnamasy gerek bolup biler.

Goşmaça resminamalar (aýratyn önümlere baglylykda):

Eksport ygtyýarnamasy: eksporta gözegçilik etmek üçin käbir önümler üçin howpsuzlyk, bütewilik ýa-da daşky gurşaw sebäpli döwlet edarasyndan eksport ygtyýarnamasyny talap edilip bilner.

Barlag şahadatnamalary: Käbir ýurtlar harytlaryň howpsuzlygyna ýa-da hil standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin ýörite barlag şahadatnamalaryny talap edip bilerler (mysal üçin, oba hojalyk önümleri üçin fitosanitar şahadatnamalary).

Töleg usullary:

Dogry töleg usulyny saýlamak satyn alyja bolan ynam derejäňize we geleşigiň bahasyna baglydyr. Ine töleg usullaryň esasy görnüşleri:

Akkreditiw (Letter of Credit): Alyjynyň banky tarapyndan belli bir şertler kanagatlandyrylandan soň satyja tölegi kepillendirýän maliýe guraly (mysal üçin, zerur resminamalaryň görkezilmegi). Akkreditiwler satyjy üçin ýokary howpsuzlyk üpjün edýär, ýöne goşmaça çykdajylary öz içine alýar.

Awans tölegi (CIA): Alyjy harydyň bahasyny almazdan ozal töleýär. Bu usul satyjy üçin töwekgelçiligi azaldýar, ýöne alyjylar üçin özüne çekiji däldir.

Açyk hasap: Satyjy alyja harydy alandan soň tölemäge mümkinçilik berýär. Bu usul alyjynyň berk gatnaşyklaryny we karz tölemek ukyplylygyny talap edýär.

Resminamalar inkassosy: Satyjy alyjynyň almagy üçin banka resminamalary (köplenç täjirçilik faktura we ýük fakturasy) iberýär. Bu satyjy üçin belli bir howpsuzlygy üpjün edýär, ýöne akkreditiwden has ygtybarly.

Eksport resminamalary hakynda çeşmeler:

Eksport düzgünlerine düşünmek kyn bolup biler. Ine size kömek edip biljek käbir gymmatly çeşmeler:

Halkara Söwda Administrasiýasy (ITA): ABŞ hökümetiniň ITA web sahypasy eksport resminamalary, düzgünleri we bazarlary barada giňişleýin maglumat berýär: https://www.trade.gov/

Kiçi telekeçiligi dolandyrmak (SBA): SBA haryt eksport edýän kiçi kärhanalar üçin çeşmeler we görkezmeler hödürleýär: https://www.sba.gov/

Ýerli Söwda palatasy: Köp palatalar eksport kömek maksatnamalaryny hödürleýär we ýerli çeşmelere elýeterliligi üpjün edip biler.

Gümrük dellaly: Gümrük dellaly eksport resminamalaryny doldurmak we gümrük düzgünlerini berjaý etmek boýunça görkezmeler berip biler. Şeýle hem, olar üçin ähli eksport prosesini tölegli edip bilerler.

Eksport resminamalary toplamak päsgelçilik ýaly bolup biler, ýöne dogry taýýarlyk we dogry çeşmeler bilen bu tapgyrdan aňsatlyk bilen geçip bilersiňiz. Dogry resminamalar işewürlik gyzyklanmalary goraýandygyny we güýçli halkara gatnaşyklary gurmaga ýol açýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Şeýlelik bilen, maglumatlary jemläň, resminamalary taýýarlaň we dünýä söwda işewürlige başlaň!

Edebiýatlar:

International Trade Administration, https://www.trade.gov/harmonized-system-hs-codes

International Chamber of Commerce, https://iccwbo.org/business-solutions/incoterms-rules/

International Trade Administration, https://ustr.gov/issue-areas/trade-development/preference-programs/generalized-system-preference-gsp

Bellik:

Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamy esasynda tassyklanylýar. Her bir harydyň Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça toparlara bölüniş kody (DYI HN kody) bardyr. https://customs.gov.tm/storage/posts/4/pdf/klassifikatory-po-kodam%20(1).pdf

Eger harytlaryňyzyň eksport ýa-da import üçin gümrük koduny bilmek isleseňiz, onda haryt eksport edilýän we haryt import edilýän ýurduň klassifikatoryna (Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy, Harmonized System, Combined Nomenclature ýaly) ýüz tutuň ýa-da ygtyýarly edara ýa-da ekspeditorlara ýüz tutmagy maslahat berilýär.

Foto: Stockcake.com

Şeýle hem okaň: