IT hünärmenleri döwletleriň häkimiýetlerini kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek üçin birleşmäge çagyrýarlar
28.05.2024 | 13:15 |«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara forumynyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde 15-nji maýda geçirilen «Geljegiň kiberhowpsuzlygy: sanly immunitetiň ýolunda» atly mejlisiň netijeleri boýunça metbugta maslahatyna gatnaşyjylar internetde howpsuzlygy üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň zerurdygy hakynda ylalaşdylar.
IT pudagynyň wekilleri forumyň hyzmatdaşlygy ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin täsirli meýdança bolandygyny bellediler.
«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda kiberhowpsuzlyk meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy örän wajypdyr, çünki oňa köp sanly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar we diňe resmi kanallar hemde meýdançalar arkaly pikir alyşmak, hasabatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi bar» - diýip, «Kasperskiý laboratoriýasynyň» Russiýadaky we GDA ýurtlaryndaky dolandyryjy direktory Anna Kulaşowa bellendi.
«Cybersecurity Malaysia Dato» agentliginiň baş direktory doktor Hajy Amirudin Abdul Wahab ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini, çünki hiç bir kompaniýanyň ýekelikde kiberhüjümlere garşy göreşip bilmejekdigini aýtdy. Şonuň üçin hyzmatdaşlyk etmeli, ynamdar gatnaşyklary ýola goýmaly we maglumat alyşmaly diýip, Abdul Wahab belledi.
MSRIAGP (Gazagystan) Maglumat howpsuzlygy komitetiniň başlygy Ruslan Abdikalikow BMG-niň binýadynda her bir döwletiň kibergiňişlikdäki jogapkärçilikli özüni alyp barşy barada beýan ediljek «giňişleýin» resminamany kabul etmegiň zerurdygyny aýtdy.
«Ählumumy internet giňişligi dünýäde hiç bir ýurduň, hiç bir jogap toparynyň, näçe güýçli bolsa-da, kibergiňişlikdäki howplardan özbaşdak goranyp bilmejek şekilinde gurlandyr. Muny diňe bilelikdäki tagallalar arkaly amala aşyryp bolar» - diýip, Abdikalikow aýtdy.
ORIENT news