Iň täze habarlar

Gruziýanyň premýer-ministri Aşgabatdaky Şota Rustaweliniň otyrdylan heýkeli üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

21.05.2024 | 20:32 |
 Gruziýanyň premýer-ministri Aşgabatdaky Şota Rustaweliniň otyrdylan heýkeli üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwlet Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi uly bolan mümkinçilikleri, senagat, ulag, ýangyç-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň aýratyn orny nygtaldy.

IMG-20240521-WA0000.jpg

Ilçi Premýer-ministri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çäreler bilen tanyşdyrdy we pursatdan peýdalanyp Irakli Kobahidzeni 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bu dabaraly çära bagyşlanyp geçiriljek Döwlet we hökümet baştutanlarynyň derejesindäki sammite çagyrdy.Şeýle hem şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ma gtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylandygyny we ol ýerde beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň ýerleşdirilendigi habar berdi.

Kobahidze türkmen tarapynyň çakylygy we şeýle hem durmuşa geçirilen başlangyjy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Aşgabatda bu gruzin klassikasynyň heýkeliň açylmagy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, birek-birege ynanmak, hormat goýmak we özara bähbitlerine gyzyklanma bildirýän ýörelgesine esaslanýan hyzmatdaşlyga daýanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: