Iň täze habarlar

Türkiýede awtoulag komponentleriniň halkara sergisi dünýä awtoulag pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemlär

22.05.2024 | 09:29 |
 Türkiýede awtoulag komponentleriniň halkara sergisi dünýä awtoulag pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemlär

23 – 26-njy maý aralygynda Stambulda «Automechanika Istanbul – 2024» atly awtoulag komponentleriniň, enjamlarynyň we satuwdan soňky hyzmatlaryň halkara sergisi geçiriler. Awtoulag şüweleňi hem-de awtoulag esbaplarynyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we abatlaýyş enjamlarynyň sergisi awtoulag öndürmek, paýlamak we abatlamak ulgamynyň ähli hünärmenlerini bir ýere jemleýär.

Bu ýyl çäre 17-nji gezek geçiriler we Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan, Afrikadan hem-de GDA ýurtlaryndan awtoulag pudagynda öňdebaryjylary, satuwdan soňky ähli hyzmat zynjyrynyň wekillerini birleşdirer. Sergä 50 ýurtdan 1500-den gowrak kompaniýanyň gatnaşjakdygy yglan edildi.

Munuň özi awtoulag komponentleri, enjamlary we satuwdan soňky hyzmatlar pudagynda dünýäniň soňky gazananlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Gözden geçirilişiň dowamynda ykjamlyk boýunça innowasiýalara we alternatiw hereketlendiriji ulgamlaryna aýratyn üns berler.

Myhmanlar «Innovation for Mobility» zolagyna baryp bilerler, ol ýerde sürüjä intellektual kömek ulgamyndan (ADAS) we diagnostikadan başlap, zarýad beriş stansiýalaryna we mehaniki hyzmatlara çenli iň täze tehnologiýalar görkeziler.

Çäräniň giň işewürlik meýilnamasy maslahatlary, tegelek stollary, interaktiw duşuşyklary we pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar.

ORIENT news

Foto: elektrikliaraclardergisi.com

Şeýle hem okaň: