Iň täze habarlar

Türkmen işewürleri Malaýziýada “halal” önümleriniň halkara sergisine çakylyk aldylar

11.05.2024 | 09:25 |
 Türkmen işewürleri Malaýziýada “halal” önümleriniň halkara sergisine çakylyk aldylar

Türkmenistanyň kompaniýalary şu ýylyň 17-20-nji sentýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Malaysia International Halal Showcase (MIHAS) Halal önümleriniň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Sergi Malaýziýanyň Halkara söwdasy we senagaty ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar. Sergi iýmit önümleri we içgiler, “halal” kosmetika, yslam modasy we dokma önümleri, derman we arassaçylyk serişdeleri ýaly ugurlary boýunça geçirilýär.

Bu çäre meşhur kompaniýalaryň bölek satuw söwda nokatlaryny, distribýuterleriň, myhmanhanalary we restoranlary önümler bilen üpjün edýän kompaniýalaryň wekillerini “halal” senagatynyň möhüm meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.

Malaýziýada geçiriljek “halal” önümleriniň halkara sergisi pudakda uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi täze hyzmatdaşlary we müşderileri tapmak, şeýle hem bu ugurdaky täze meýilleri öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

MIHAS-2024-e gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalary Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler:

Telefon belgiler: +993 12 468421 ; +993 12 468422 Elektron poçta: mwashgabat@kin.gov.my

ORIENT news

Foto: islamnews.ru

Şeýle hem okaň: