Iň täze habarlar

Türkmenistanyň işewürleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Eýranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp biler

02.05.2024 | 14:39 |
 Türkmenistanyň işewürleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  Eýranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp biler

Türkmenistanyň telekeçileri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 7-10-njy maýda Tähranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

ECOTEX Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň pudak öňdebaryjylaryny we bilermenlerini bir ýere jemlemek bilen iň täze tehnologiýalary tanyşdyrmak üçin meýdança bolup durýar.

Gatnaşmaga isleg birdirýän telekeçiler şu telefon beligileri boýunça ýüze tutup bilerler: 21-23-75/64

ORIENT news

Foto: tstb.gov.tm

Şeýle hem okaň: