Iň täze habarlar

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen telekeçileri üçin maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirer

20.04.2024 | 21:39 |
 Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen telekeçileri üçin maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirer

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 6-8-nji maýda telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatyny geçirer.

Okuw maslahaty Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler.

Iň gowy halkara tejribesine we bilimine esaslanýan bu okuw maslahaty maliýe çözgütlerini kabul etmegiň ýörelgeleri, maliýe hasabatlaryny düzmegiň we olary seljermegiň inçe tärleri bilen tanyşdyrar.

Maliýe serişdeleri telekeçilik işini üstünlikli alyp barmakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Işiňiziň maliýe ýagdaýyna düşünmek, size maliýe resminamalaryny seljermäge, dogry çözgütleri kabul etmäge we maliýe serişdeleriniň amatly çeşmelerini tapmaga ýardam berer.

Dalaşgärler bäsdeşlik esasynda saýlanyp alnar. Okuw maslahatyna gatnaşmak üçin şu ýüztutmany 2024-nji ýylyň 29-njy apreline çenli dolduryň.

Okuw maslahatyny 15 ýyllyk tejribesi bolan halkara maslahatçy Nair Markapýan geçirer. Ol Ermenistanda dolandyryş konsalting institutynyň müdiriýetiniň prezidenti we maslahat beriş kompaniýanyň eýesi.

Okuw maslahatyna gatnaşmak tölegsizdir. Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: mybiz63.ru

Şeýle hem okaň: