Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy

20.04.2024 | 17:54 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy

Anna güni, 19-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy.

Owganystandan we Özbegistandan telekeçiler kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny, «В» kysymly karbamidi hem-de «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 339 440 dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: