Iň täze habarlar

«INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisine 10 müňden gowrak gatnaşyjy ýygnanar

19.04.2024 | 16:27 |
 «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisine 10 müňden gowrak gatnaşyjy ýygnanar

22-nji aprelde Daşkent şäherinde açyljak «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisine 10 müňden gowrak adam we 400 kompaniýanyň wekili gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

Serginiň işewürlik meýilnamasy halkara we sebit derejesinde senagat hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny we gurallaryny ara alyp maslahatlaşmalary öz içine alýar.

Çäre «Merkezi Aziýada halkara senagat hyzmatdaşlygy: senagat we tehnologik öňdebaryjylar bilen hyzmatdaşlyk» atly esasy plenar mejlis bilen açylar, oňa Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Russiýanyň senagat we söwda ministri Denis Manturowyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem serginiň çäklerinde «ýaşyl» ulag; senagat kärhanalaryny toplumlaýyn dolandyrmak ulgamynda sanly çözgütler; Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk we sebitleriň hyzmatdaşlygy; «arassa» energetika we ýangyç-energetika toplumynda innowasiýalar; standartlary sazlaşdyrmak; ulag infrastrukturasyny ösdürmek; senagat logistikasy; senagat tehnologiýa parklarynyň halkara maýa goýum ekoulgamyny döretmek ýaly möhüm ugurlar boýunça mowzuklaýyn çekişmeler guralar.

Olara Merkezi Aziýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we beýleki ýurtlardan işewür toparlaryň wekilleri gatnaşarlar.

«INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat sergisi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, senagat ösüşiniň täze nokatlaryny kesgitlemäge, işewür gatnaşyklar ýola goýmaga we bilelikdäki önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Has anyk maglumatlary çäräniň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: