Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri ýerlenildi
11.04.2024 | 21:44 |Sişenbe güni, 9-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Ukrainanyň telekeçileri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen suwuklandyrylan gazy we “B” kysymly karbomidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Germaniýanyň işewürleri türkmen kompaniýasy bilen buýan kökli çaý içgisini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy $4 184 812,50 bolan 8 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolýar.
ORIENT news