Iň täze habarlar

Düýe ýüň önümlerini öndürýän türkmen telekeçisi eksport işini ýola goýýar

17.03.2024 | 20:00 |
 Düýe ýüň önümlerini öndürýän türkmen telekeçisi eksport işini ýola goýýar

Düýe ýüňi egin-eşik we beýleki önümler üçin özboluşly aýratynlyga eýe bolan materialdyr. Ol örän ýyly, şol bir wagtda ýeňil we howany geçirýär. Şeýle hem antibakterial häsiýetlere eýe bolup, ol gipoallergen we duýgur endamly adamlar üçin has amatlydyr.

Adatça düýe ýüňüň iň galyň bolan wagtynda gyrkym işleri geçirilýär. Ýüň gyrkylýar we soňra hil taýdan tertiplenýär. Ondan soň ýüň arassalanýar, ýuwulýar we guradylýar.

CW3.jpg

Düýe ýüň önümleri dokamak, örmek we nagyşlamak ýaly dürli usullar bilen öndürilip bilner. Dokalan önümler has berk we köp wagt ulanylýan bolýar. Örülen önümler bolsa has ýumşak we has endama rahat bolýar.

Düýe ýüň önümlerini öndürijiler egin-eşik, düşek, haly we beýleki öý goşlary ýaly köp sanly önüm öndürýärler. Düýe ýüň eşiklerine palto, switer, şlýapa, ýaglyk we joraplar degişlidir. Düýe ýüňünden tikilen ýorgan-düşek islendik howada ýylylygy we rahatlygy üpjün edýär. Düýe ýüň halylary islendik jaýyň bezegine öwrülýär.

CW4.jpg

Şeýle önümleri öndürijiler adatça önümlerini satyn alyjylara ýa-da başga satyjylaryň üsti bilen satýarlar. Käbir ýagdaýlarda önümlerini onlaýn, ýagny internet arkaly hem satyp bilerler.

Düýe ýüňünden öndürilen “Unique Camel Wool” brendli önümler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) çap eden "Merkezi Aziýa aýal hünärmenleri: suratlar ýygyndysyna syýahat" atly özboluşly kataloga girizildi. Bu neşirde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 50 sany Merkezi Aziýa senetçisiniň öndüren ajaýyp önümleri bar, şeýle-de katalogyň üsti bilen dünýädäki ajaýyp ussatlyk görkezilýär we kärhanalary üçin täze söwda mümkinçilikler açylýar.

Şu günki söhbetdeşlikde telekeçi Jennet Garlyýewa sosial taslama we tutuş maşgalasynyň işine öwrülen pikiriniň döremegi barada bize gürrüň berer.

Telekeçi Jennet Garlyýewa

Telefon: +993 65 506100

E-poçta: uniquecamelwool@gmail.com

Websaýt: uniquecamelwool.com

Instagram: @unique_camelwool

Bu neşir USAID-ň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlanyldy.

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: