Ankara - gizlin hazynalaryň mekany
07.03.2024 | 09:33 |Anadolynyň mes topraklary bilen gurşalan, Türkiýäniň häzirki paýtagty Ankara şäheri asyrlaryň dowamynda köp medeniýetleriň, şol sanda hittit, frigiýa, galat we rim siwilizasiýalarynyň dörän ojagy bolupdyr. Türkiýäniň paýtagty syýahatçylara antika döwründen başlap, häzirki zaman binagärlik täsinlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Geliň biz hem bu täsinlikleriň käbirleri bilen tanyş bolalyň.
Bütindünýä miras
Ankaranyň Polatly raýonynda ýerleşýän gadymy Gordion şäheri geçen ýyl Türkiýäniň medeni mirasynyň 20-nji obýekti hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Frigiýanyň syýasy we medeni paýtagty, 4500 ýyl töweregi mundan ozal ilatlaşan Gordion, şeýle hem ady rowaýatlarda duş gelýän Midas patyşanyň ýaşan ýeri bolupdyr. Rowaýata görä, Midas patyşa örän baý we husyt bolupdyr. Onuň kümmeti dünýäde ululygy boýunça üçünji kümmet hasaplanylýar.
Türk halkynyň beýik serdary
Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň Anitkabir aramgähi Ankaranyň iň möhüm künjekleriniň biridir. Ankaranyň merkezindäki Anyttepede ýerleşýän bu ýadygärlik toplumy 750 000 inedördül metr meýdany tutýar. Şir ýodasy dabaralar meýdançasy hem-de Atatürküň aramgähi ýaly üç esasy bölekden ybarat bolan Anitkabir toplumy, şeýle hem özünde Atatürküň we garaşsyzlyk ugrundaky urşuň muzeýini özünde jemleýär. Muzeýde häzirki zaman döwletiň ösüş taryhy bilen tanşyp bolýar.
Sütünli ýadygärlik
Ankaradaky Ahi Şerefeddin metjidi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkiýäniň 21 sany medeni mirasynyň hataryndadyr. “Anadolunyň orta asyr agaç sütünleri we sütünli metjitleri” ady bilen Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 5 metjidiň biri bolan Ahi Şerefeddin metjidi Türkiýäniň häzirki güne çenli saklanyp galan iň gadymy metjitleriniň biridir. Metjide gireniňde mermer bilen bezelen we metjidiň beýleki gurluşlary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän 24 sany äpet agaç sütüne gözüň düşýär.
Gadymy şähere gezelenç
Ahi Şerefeddinuň metjidine baranyňyzdan soňra, onuň golaýynda ýerleşýän gala hem baryp görüň. Ilki harby berkitme hökmünde gurulan bu gala jahankeşdeleriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýerde Anadolu siwilizasiýalarynyň muzeýi, Ankaranyň gadymy jaýlary, metjitleri we taryhy ýerleri ýerleşýär. Mundan başga-da, darajyk köçelerden we olaryň ugrunda ýerleşýän iki ýa-da üç gatly agaçdan, utgaşykly we kerpiçden gurulan jaýlardan ybarat Kaleiçi raýonuna hem baryp görmegi maslahat berýäris. Häzirki wgtda bu gadymy binalaryň köpüsi myhmanhanalara, dükanlara, kofelere we restoranlara öwrüldi.
Geçmişe ser salyp
Köp desgalar, şol sanda Respublika döredilenden soňra gurluşygyň güýçli depginler bilen alnyp barlan döwründe bina edilen desgalar Ankaranyň binagärlik aýratynlyklaryny emele getirdi. Siz Etnografiýa muzeýine hem-de Şekillendiriş sungaty we heýkeltaraşlyk muzeýine gezelenç edip bilersiňiz. Anadolunyň medeni taryhy bilen tanyşmak üçin diňe bir muzeýe baryp görmäge wagtyňyz bar bolsa, onda Anadolu siwilizasiýalarynyň muzeýine baryp görüň. Osman imperiýasy döwrüniň iki taryhy binasynda ýerleşen muzeýde Anadolu sebiti üçin özboluşly taryhy gymmatlyklar paleolit döwründen başlap wagt yzygiderliginde myhmanlara görkezilýär. 1997-nji ýylda Anadolu siwilizasiýalarynyň muzeýi “Ýewropada ýylyň muzeýi” diýlip yglan edildi we dünýäniň öňdebaryjy muzeýleriniň biri hasapalanylýar. Mundan başga-da, muzeý Anadolunyň baý medeni mirasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Rimlileriň şöhratly mirasy
Ankarada şeýle hem Rim imperiýasy eýýamynyň ýadygärlikleri, şol sanda rim imperatory Ýulianyň (361-363 ýý.) Ankara gelmegi mynasybetli dikilen Ýuliniň sütüni bar. Mundan başga-da, siz III asyrda Septimiý Seweriň ogly rim imperatory Karakallo tarapyndan saglygyň hudaýy Asklepiiniň adyndan gurulan rim hammamlaryny hem-de rim imperatorynyň şanyna Awgustyň ybadathanasy diýlip atlandyrylan ybadathanany görüp bilersiňiz.
Medeni oazis
Ankara medeniýet merkezi hökmünde, Ankara opera teatry, Prezident simfoniki orkestri (CSO Ada) we Sermodern ýaly ähmiýetli binalary özünde jemleýär. Şäheriň merkezinde, Ankara galasy bilen Anytkabiriň arasynda ýerleşýän döwrebap CSO Ada binasyna konserte tomaşa etmek üçin, ýa-da şäheriň döwrebap bölegi bilen tanyşmak üçin günortadaky Sermoderne baryp görmegi maslahat berýäris.
ORIENT news