Incoterms 2020 diýmek näme? Kesgitlemeler we mysallar.
19.02.2024 | 15:00 |Incoterms 2020, Halkara Söwda Palatasy (ICC) tarapyndan neşir edilen halkara söwda amallarynyň satyn alyjylarynyň we satyjylarynyň jogapkärçiligini kesgitleýän iň soňky halkara söwda adalgalaryna degişlidir. Bu adalgalar bütin dünýäde ykrar edilýär we harytlary daşamak we eltip bermek bilen baglanyşykly meseleleri, çykdajylary we töwekgelçilikleri düşündirmek üçin ulanylýar.
Geleşige gatnaşýan iki tarap üçin hem öz kesgitlemesi we geljekde nähili netijeleriň bolakdygyny kesgitleýän 11 sany Incoterms 2020 düzgünleriň hem adalgalary bar. Öňki makalamyzda her bir adalga barada gysgaça düşündiriş beripdik we bu makalada Incoterms 2020-iň esasy düzgünleriniň kesgitlemelerini mysallar bilen doldurmak isleýäris:
-
EXW (Ex Works): Satyjynyň jogapkärçiligi öz çäginde harytlaryň elýeterliligini üpjün etmekden ybarat bolup, satyn alyjy harytlary ýük awtoulagyna ýüklemek we eksport bilen bagly ähli çykdaýjylary tölemek we resminamalaryny taýýarlamak ýaly beýleki meseleler üçin jogapkärdir. Muňa mysal hökmünde Hytaý öndürijisi (satyjy) harytlary EXW Incoterms ulanyp ABŞ-daky harytlary bölekleýin satyja (satyn alyja) satýar.
-
FCA (Free Carrier): Satyjy harydy daşaýjy ulaga ýa-da alyjy tarapyndan satyjynyň ammaryndan ýa-da başga bir bellenen ýere eltmek üçin jogapkärdir. Mysal hökmünde harydyň Germaniýadaky üpjün edijiden (satyjydan) FCA Incoterm şertlerinde Fransiýadaky distribýutora (satyn alyja) iberilmegi mysal bolup biler.
-
CIP (Carriage and Insurance Paid To): Satyjy harytlary daşaýjy ulaga ýa-da satyjy tarapyndan ylalaşylan belli ýere/şahsa eltýär we eltip bermek çykdaýjylaryny töleýär. Satyjy şeýle hem harytlaryň ýitmegi ýa-da zaýalanmagy töwekgelçiliginden ätiýaçlandyryş şertnamasyny satyn alyjy bilen baglaşýar. CIP Incoterms-iň şertinde Awstraliýadaky bir satyja (satyn alyjy) Ýaponiýadan (satyjy) elektronikany eltip bermegi öz içine alyp biler.
-
CPT (Carriage Paid To): Satyjy harytlary daşaýjy ulaga ýa-da satyjy tarapyndan ylalaşylan belli belli ýere/şahsa eltýär we eltip bermek çykdaýjylaryny töleýär. Mysal üçin, Braziliýadan (satyjydan) CPT Incoterms ulanyp, Kanadadaky ammara (satyn alyjy) iberilmegi mysal bolup biler.
-
DAP (Delivered at Place): Satyjy düşürilmäge taýyn harytlary bellenilen ýere eltmek üçin jogapkärdir. Satyjy harydyň bellenen ýere eltilmegi bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri öz üstüne alýar. DAP Incoterm-iň mysaly Wýetnamdan (satyjydan) Angliýadaky bölekleýin satuw dükanyna (satyn alyjy) egin-eşik getirmek bolar.
-
DPU (Delivered at Place Unloaded): Satyjy gelýän ulag serişdelerinden düşürilen harytlary bellenilen ýere eltmek üçin jogapkärdir. Mysal üçin Germaniýadan (satyjydan) ABŞ-daky gurluşyk meýdançasyna (satyn alyjy) DPU Incoterms şertlerine laýyklykda enjam getirilmegi mysal bolup biler.
-
DDP (Delivered Duty Paid): Satyjy harytlary alyjynyň ýurdunda bellenen ýere eltmek üçin jogapkärdir we import ýygymlaryny we salgytlary goşmak bilen ähli çykdajylary töleýär. DDP Incoterm-iň mysaly Fransiýadan (satyjydan) Ýaponiýadaky ýokary derejeli moda-dükanyna (satyn alyjy) gymmat bahaly harytlaryň iberilmegi bolup biler.
-
FAS (Free Alongside Ship): Satyjy harydy alyjy tarapyndan görkezilen gämi bilen porta eltýär. FAS Incoterm-iň mysaly Awstraliýadan (satyjydan) Hytaýdaky portda (satyn alyjy) gämä ýüklenmek üçin çig mal ibermekdir.
-
FOB (Free on Board): Satyjy harytlary gämili satyn alyjy tarapyndan görkezilen portuna eltip berýär. FOB Incoterms-iň mysaly Günorta Koreýadan (satyjy) ABŞ-daky ammara (satyn alyjy) elektronikanyň iberilmegini öz içine alyp biler.
-
CFR (Cost and Freight): Satyjy gämide harytlary eltýär ýa-da harytlary şol ýerde satyn alýar. CFR Incoterms-a mysal hökmünde Argentinadan (satyjydan) Italiýanyň portuna (satyn alyjy) oba hojalyk önümleriniň iberilmegi bolar.
-
CIF (Cost, Insurance, and Freight): Satyjy gämide harytlary eltýär ýa-da harytlary şol ýerde satyn alýar. CFR-dan tapawutlylykda, CIF düzgüni ulanylanda satyjy ätiýaçlandyryş şertnemesyny hem baglaşmalydyr/ CIF Incoterm-e mysal hökmünde Malaýziýadan (satyjydan) Awstraliýa portuna (satyn alyjy) gurluşyk materiallarynyň iberilmegi bolar.
Halkara söwda amallary bilen meşgullananyňyzda her bir Incoterm şerti bilen baglanyşykly jogapkärçiligi we ondan gelip çykýan netijeleri üns bilen gözden geçirmegi ýatdan çykarmaň we doly we dogry düşündirişler üçin resmi ICC çeşmelerine ýüz tutuň.
Incoterms 2020 düzgünleriniň hemmesine giňişleýin düşünmek üçin, resmi ICC web sahypasyna ýüz tutmak maslahat berýäris (https://iccwbo.org/resources-for-business/incoterms-rules/incoterms-2020/) ýa-da Halkara Söwda Palatasynyň "Incoterms 2020" atly resmi neşiri bilen tanyşyp bilersiňiz..
Incoterms düzgünleri ulananyňyzda söwda hyzmatdaşlaryňyz bilen anyk we takyk aragatnaşyk gurmagyň zerurdygyny we saýlanan düzgünleleriň belli bir söwda amallaryňyza laýyk gelmegini üpjün etmek üçin, zerur bolan halatynda, hukuk maslahaty almagyny ýadyňyzdan çykarmaň