Türkmenistanyň çempionaty: ýaş küştçüleriň arasynda bäsdeşlik artýar
01.02.2024 | 14:02 |Çarşenbe güni küştüň nusgawy görnüşinde 8,10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginiň 4-nji tapgyr oýunlarynda saýlanan iň ökdeler öňdeligi saklap gelýär.
10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda esasy öňdebaryjylar – geçen ýylda 9 we 8 ýaşlylaryň arasynda degişilikde çempion bolan Omarbek Ysmaýylow (Daşoguz) we Maksat Öwlýägulyýew (Lebap), şeýle hem 11 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryň arasynda şu ýyl bürünç medal gazanan Mahmut Meredow (Aşgabat) öz hasaplarynda 4 utuk topladylar. Bäşinji tapgyr oýunlarda Maksat bilen Omarbek, Mahmyt bolsa häzirki wagtda 3,5 oçko toplan hem-de küştüň rapid görnüşi boýunça çempion bolan Nazar Narimanowa (Lebap) özara duşuşarlar.
10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda öňdeligi lebaply türgenler eýeleýär. Penşenbe güni 5-nji tapgyr oýunlarda 11 ýaşa çenlileriň arasynda şu ýyl degişlilikde çempion we wise-çempion bolan Aýýa Baýramowa we Humaý Huseýinowa özara duşuşar. Olaryň hersinde 4 utuk bar. Iki gezek ýurduň çempiony bolan, 4-nji tapgyryň oýunlarynda Aýa Baýramowadan utulan Dünýa Ruslanowa bu iki bäsdeşden 1 utuk yzda barýar.
12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iki gezek ýurduň çempiony bolan Nebahat Myradowa (Lebap) bu gezek hem beýlekilerden öňe saýlanmagy başardy. Geçen ýyl 10 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda çempion bolan Perwana Serdarowa (Aşgabat) we Lebabyň ýene iki wekili Jasmin Rahmedowa we Leýli Atajanowa Nebahatdan ýarym bal yzda barýar. 5-nji tapgyrda Nebahat Perwana bilen, Jasmin bolsa Leýli bilen bäsleşer. Küştüň rapid görnüşi boýunça çempion bolan lebaply türgen Nurhan Babanazarowanyň şu wagta çenli 3 utugy bar.
12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Tahyr Iminow (Aşgabat) 4 utuk bilen öňe saýlanmagy başardy. Birbada alty oýunçy ýarym utuk bilen Tahyrdan yza galýar. Olaryň arasynda altyn medala dalaşgär Marydan gelen ýaş türgenlerimiz Rauf Ýusupow we Alyhan Batyrow bar. 13 ýaşa çenlileriň arasynda aşgabatly türgen Aly Ahmedowy 3-nji aýlawda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňen Emir Berdiýewiň häzirki wagtda 3,5 utugy bar.
8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 3 oýunçynyň hersinde – küştüň rapid görnüşinde kümüş medal gazanan Çaryhekim Çaryýewde, Söýenç Hojaýewde (ikisi hem aşgabatly) we Emin Arslanowda (lebaply) 4 utuk bar. 5-nji tapgyryň oýunlarynda Çarihekim bilen Emin, Söýenç bilen bolsa 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçen ýylyň iň gowy oýunçysy bolan, häzirki wagtda 3,5 utugy toplan Seýran Ibragimow (Lebap) duşuşar. Marydan gelen türgen, küştüň rapid görnüşiniň ýeňijisi Denis Prohorowyň häzirki wagtda 3 utugy bar.
8 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda geçiriljek 5-nji tapgyr oýunlarynda hersi 4 utuk toplan öňdebaryjylar – Güneş Baýramowa we Maral Rahmanowa (ikisi-de Lebapdan) duşuşar. 7 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçen ýyl çempion bolan Enejan Çarygeldiýewa (Lebap) we 7 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda şu ýyl kümüş medal gazanan Mähri Berdiýewa (Aşgabat) hem bu ýaş derejesinde özara duşuşar.
Ýaş küştçüleriň arasynda dürli ýaş derejelerinde geçirilýän gyzgalaňly oýunlar ýurduň dürli sebitlerinde küşt sportunyň ösüşiniň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, guralýan şeýle ýaryşlar ýaş türkmen türgenlerini ýüze çykarmaga we olary halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny mynasyp goramaklaryna ruhlandyrmaga gönükdirilendir.
Küşt boýunça ýaş türgenleriň arasynda geçirilen birinjiligiň ýeňijileri, 9-njy tapgyr oýunlaryň jemlerine laýyklykda, şenbe güni kesgitlener.
ORIENT news