Iň täze habarlar

Hindistanyň premýer-ministri Çenab derýasynyň üstünden geçýän dünýäniň iň beýik arkaly demir ýol köprüsini açdy

12.06.2025 | 10:00 |
 Hindistanyň premýer-ministri Çenab derýasynyň üstünden geçýän dünýäniň iň beýik arkaly demir ýol köprüsini açdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi 6-njy iýunda Jammu we Kaşmir birleşen çägine amala aşyran saparynyň dowamynda Çenab derýasynyň üstünden geçýän dünýäniň iň beýik arkaly demir ýol köprüsini dabaraly ýagdaýda açdy. Bu infrastruktura desgasy, sebit ösüşine gönükdirilen we umumy bahasy 46 müň kror rupiýa (takmynan $5,5 milliard) bolan giň möçberli taslamalar toplumynyň bir bölegi boldy.

Uzynlygy 1315 metr bolan polatdan ýasalan arkaly köpri Çenab derýasynyň derejesinden 359 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu bolsa ony diňe bir beýiklik boýunça dünýäde ilkinji etmän, eýsem inženerçilik taýdan hem özboluşly desgasyna öwürýär. Köpri ýokary seýsmiki herekete we güýçli ýel tolkunlaryna garşy durup bilýär. Onuň ulanylmaga berilmegi bilen, Jammu bilen Srinagaryň arasyndaky ýol wagty 2–3 sagat gysgalar.

Dabaranyň dowamynda Narendra Modi Anži atly Hindistanyñ ilkinji asma demir ýol köprüsini hem açdy. Bu köpri iň kyn daglyk sebitleriň birinde gurlupdyr. Uzynlygy 863 metr bolan köpriniň esasy diregi binýadynyň üstünden 193 metr beýiklige çenli çykýar, bu bolsa ony şonuň ýaly gurluşlaryň arasynda iň beýikleriň birine öwürýär.

Anži köprisi dürli uzynlykdaky 96 sany want arkaly saklanylýar, asimmetrik dizaýna eýe bolup, 3,75 metr giňlikde hyzmat ýoly we iki tarapynda pyýada ýol bilen üpjün edilendir. Anži köprisi adatdan daşary howa ýagdaýlarynda ulanylmaga niýetlenendir. Köpri 213 km/sag çenli ýel tizligine çydap bilýär we 100 km/sag çenli tizlikde hereket edýän otlulary geçirmäge ukyplydyr.

Dabara Hindistanyň demir ýol ministri Aşwini Waşnau, ministr Jitendra Singh, Jammu we Kaşmiriň leýtenant-gubernatory Manoj Sinha hem-de ştatyň baş ministri Omar Abdulla gatnaşdy.

Açylyş dabarasyndan öň Narendra Modi Çenab köprisini hut özi barlap gördi we Udhampur – Srinagar – Baramulla (USBRL) demir ýol ugrunuñ gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylar bilen duşuşdy.

Saparynyň dowamynda premýer-ministr Şri Mata Waýşno Dewi Katra bilen Srinagaryň arasynda hereket etjek Vande Bharat Express otlusynyň hereketine badalga berdi. Bu taslama ýerli ilatyň, syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň ýol elýeterliligini ep-esli derejede gowulandyrar.

Saparyň esasy pursady USBRL demir ýol ugrunyñ (uzynlygy 272 km) dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi boldy. Bu gurluşygyň bahasy takmynan 43 780 kror rupiýa boldy. Taslama umumy uzynlygy 119 km bolan 36 tuneli we 943 köprini öz içine alýar, bu bolsa Kaşmir jülgesine ýylyň dowamynda durnukly demir ýol gatnawlaryny üpjün edýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: