Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Sentýabr aýynda Tatarystanyň Baştutanynyň saýlawlary geçiriler

11.06.2025|15:40|
787
sentyabr-ayynda-tatarystanyn-bastutanynyn-saylawlary-geciriler
Surat çeşmesi: kazan-news.net

Şu gün Tatarystanyň Döwlet geňeşi sentýabr aýynyň 14-ne Respublikanyň Raisiniň saýlawlaryny bellemek baradaky kararynyň taslamasyny biragyzdan goldady.

Bu kararyň neşir edilenden we güýje girenden soňra saýlaw kampaniýasyna badalga berler. Respublikanyň Merkezi saýlaw topary TR-yň Raisiniň saýlawynyň senenama meýilnamasyny kabul eder. Dalaşgärleri hödürlemek üçin 30 gün berilýär.

TR-yň Raisiniň saýlawlaryny guramaga we geçirmäge ähli 65 çäk we 2780 uçastok saýlaw toparlary gatnaşar. Tatarystanyň 2 924 287 saýlawçylarynyň saýlawlara gatnaşmak hukugy bardyr.

ORIENT