Iň täze habarlar

Gökderede çagalar arasynda stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşikler geçirildi

11.06.2025 | 18:49 |
 Gökderede çagalar arasynda stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşikler geçirildi

Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezinde şaşka, küşt we narda ýaly stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşik geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgesi — biziň baş ýörelgämiz» diýen şygar astynda geçirilen çärä çagalaryň suratlarynyň sergisi hem goşuldy. Intellektual bäsleşikleriň esasy meýdançasy hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitçi» merkezi çykyş etdi.

Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasy hem-de Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap geňeşi çykyş etdiler. Bäsleşiklere Gökderedäki ähli sagaldyş merkezlerinden gelen çagalar gatnaşdy.

Ýokary taýýarlyk derejesini görkezen ýeňijiler we baýrak eýeleri hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Bu çäre Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň saglygyny berkitmek, zehinlerini ösdürmek hem-de peýdaly dynç alyşlaryny guramak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli tomusky dynç alyş boýunça döwlet maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar. Bilim ministrligi tarapyndan beýleki degişli edaralar bilen bilelikde taýýarlanan bu maksatnama ösüp gelýän nesliň saglygyny berkitmäge, döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga we intellektual taýdan ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: