Iň täze habarlar

Çagalaryň arasynda küştüň rapid görnüşi boýunça geçirilen çempionat näme bilen geň galdyrdy?!

30.01.2024 | 13:22 |
 Çagalaryň arasynda küştüň rapid görnüşi boýunça geçirilen çempionat näme bilen geň galdyrdy?!

Aşgabatda 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň küşt çempionatynyň ilkinji güni garaşylmadyk wakalara baý boldy. Onuň çäklerinde küştüň çalt oýnalýan – rapid görnüşi boýunça oýunlar geçirildi.

Iň gyzgalaňly duşuşyklar 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar berşi ýaly, ýaryşyň 9 tapgyryndaky oýunlarynda saýlanan iň güýçli 10 küştçiniň arasynda çekeleşikli oýunlar boldy.

2 (edited).jpg

Ýaryşyň dürli etaplarynda ilkinji orunlary şu ýaş kategoriýasynda geçen ýylky çempion Rauf Ýusupow (FIDE reýtingi - 1418, Mary), geçen ýyl 10 ýaşa çenli we şu ýyl 11 ýaşa çenli türgenleriň arasynda çempion Alyhan Batyrow (1667, Mary), türkmenabatly Abdylla Joraýew, aşgabatly Tahyr Iminow we beýlekiler eýelediler.

Ýakynda 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen çempionatyň ýeňijisi Aşgabat şäherinden Aly Ahmedow ýokary derjede çykyş etse-de, üç oýunda, şol sanda esasy garşydaşlaryna garşy geçiren duşuşyklarynda, wagt ýetmezçiligi sebäpli ýeňişden mahrum boldy.

Netijede, Türkmenabatdan gelen Didar Baltaýew garaşylmadyk pursatda ýeňiji boldy. Ol Alyhan Batyrow (hersi 7.5) bilen deň mukdarda utuk toplasa-da, goşmaça Buholz koeffisiýenti (ýagny ballaryň jemi) onuň garşydaşlaryndan ýarym ýarym utuk (49-a garşy 49.5) öňe saýlanandygyny görkezdi.

Üçünji ýeriň ykbalyny bir wagtyň özünde alty oýunçynyň 6.5 utuk toplandygy sebäpli kesgitlemek kyn boldy. Emma goşmaça koeffisiýentler Rauf Ýusupowyň deň derejede çykyş eden bäsdeşlerinden biraz öňe saýlanandygyny görkezdi.

3 (edited).jpg

Oglanlardan tapawutlylykda, 12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Nurhan Babanazarowa mümkin bolan 9 utugyň ählisini toplap, garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Geçen ýyl 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji, şu ýyl hem 11 ýaşa çenlileriň arasynda çempion bolan Nebahat Myradowa (FIDE reýting - 1218, Türkmenabat) we geçen ýyl 10 ýaşa çenlileriň arasynda çempion bolan Perwana Serdarowa (1262, Aşgabat) degişlilikde 7 we 6 utuk bilen ikinji we üçünji orny eýelediler.

10 ýaşa çenli oglanlar toparynda ýene-de bir garaşylmadyk waka boldy. Geçen ýylky çempionlar Maksat Öwlýagulyýew (Türkmenabat) we Omarbek Ysmaýylow (Daşoguz) diňe bir üstünliklerini gaýtalap bilmän, eýsem medal sanawynyň aşagynda-da degişlilikde 5-nji we 6-njy orunda barýarlar. Türkmenabatly Nazar Narimanow 8 utuk bilen çempion boldy. Ikinji we üçünji orunlary 7 utuk bilen (ýöne goşmaça koeffisiýentlere görä) degişlilikde maryly Baýgeldi Bazarow we daşoguzly Rejep Täjibaýew eýelediler.

4.jpg

Geň galdyryjy ýagdaý 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda hem bolup geçdi diýip bileris. Bu ýyl 11 ýaşa çenli milli çempion, türkmenabatly türgen Aýýa Baýramowa ynamly ýeňiş gazandy. Ikinji orny dokuz ýaşly Dünýä Ruslanowa (Türkmenabat), üçünji ýeri Zalina Iminowa (Aşgabat) eýeledi.

8 ýaşa ýetmedik oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Marydan gelen türgen Denis Prohorow 100 göterim netije bilen garaşylmadyk görkezijini gazandy. Aşgabat şäherinden bolan iki dogan Çaryhekim we Halylmuhammet Çaryýewler degişlilikde 7,5 we 7 oçko bilen ikinji we üçünji orunlary eýelediler. 2023-nji ýyldaky Günbatar Aziýa çempionatynyň medalçysy Begli Annagylyjow 6 oçko bilen 7-nji orunda ýerleşmegi çempionatyň dowamynda hakyky sensasiýa boldy.

5.jpg

8 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda Mary welaýatyndan Aýlar Hemraýewanyň we Türkmenabat şäherinden Enejan Çarygeldiýewanyň hersi 7,5 utuk gazandy. Ýöne goşmaça koeffisiýentler Aýlary ýeňiji edip kesgitledi. Üçünji orna Türkmenabatdan Güneş Baýramowa eýe boldy.

Çemionatyň netijesinde bir zat has aýdyň ýüze çykýar: çagalaryň küştdäki öň hatardaky orunlary garaşylmadyk ýagdaýda we gysga wagtda üýtgäp bilýär. Şu çempionatda dörän täze “ýyldyzlar” we çempionlar geljekki ýaryşlarda ýeňijileriň münberinde orun alman hem bilner.

6 (edited).jpg

Garaşylmadyk şunuň ýaly wakalar hem küşti gyzykly sport görnüşine öwürýär.

30-njy ýanwarda küştüň nusgawy görnüşi boýunça çempionat badalga alýar. Küştüň bu görnüşinde pikirleniş tizligine däl-de, eýsem hiline we göçümleriň ýagdaýyna düşünmekde hem-de takyk hasaplamalarda jemlenýär. Bu ýaryşda hem täze çempionlaryň ýüze çykmagy ahmal.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: