Iň täze habarlar

Eýranly suratkeşleriň gatnaşmagynda döredijilik maslahaty geçirildi

09.01.2024 | 09:06 |
 Eýranly suratkeşleriň gatnaşmagynda döredijilik maslahaty geçirildi

Eýranly zenan suratkeşleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky ähmiýeti” atly döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli hem gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Myhman ýygnananlara jemgyýetçilik ösüşiniň çäginde surat çekmegiň ähmiýeti barada gürrüň berdi, şeýle hem çäräni guraýjylara we esasanam Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine minnetdarlyk bildirdi.

Ýakynda Türkmenistanda goňşy ýurtdan gelen senetçileriň çeken suratlarynyň sergisi hem geçirilip, ol Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

ORIENT news

Foto: medeniyet.gov.tm

Şeýle hem okaň: