Magtymgulynyň doglan güni mynasybetli 2024-nji ýyldaky esasy halkara çäreler yglan edildi
07.01.2024 | 14:25 |Üstümizdäki ýylda Türkmenistanda görnükli türkmen şahyry we filosofy, döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň hazynasyny baýlaşdyran Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iki sany möhüm halkara forumy geçiriler. Bu oktýabr aýynda Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýan sammit we maý aýynda medeniýet ministrlerini bir ýere ýygnajak halkara maslahatdyr.
Şeýle hem Türkmenistan, Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan güni bilen baglanyşykly dürli medeni çäreleri ABŞ, Russiýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Koreýa, Germaniýa, Ispaniýa, Rumyniýa we ş.m. ýaly dünýäniň birnäçe ýurtlarynda hem gurnar.
Bular ylmy forumlar we bilim ýaryşlary, döredijilik hepdeligi we edebi agşamlar, teatr çykyşlary we film görkezilişleri we ş.m. bolup, bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
ORIENT news