Iň täze habarlar

Ýüzünde näbelli jandaryň yzlary bolan daş bölegi Döwlet muzeýine berildi

04.01.2024 | 10:53 |
 Ýüzünde näbelli jandaryň yzlary bolan daş bölegi Döwlet muzeýine berildi

Türkmenistanyň çäklerinde ozal gabat gelmedik gadymy jandaryň yzlary galan daş bölegi Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar brýär.

Bu daş bölegi ekologiýa boýunça alym Waleriý Kuznesow tarapyndan Günbatar Köpetdagda, Sünt-Hasardagyň eteginde, Magtymguly şäheriniň golaýyndan tapyldy. Alty burçly täsin yzlaryň syryny rus alymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Grigorýew açmagy başardy.

“Daşa geçen görnüş 1850-nji ýylda paleontolog alymy Juzeppe Menegininiň mezozoý döwrüne degişli tapyndysyna çalymdaş. Ol hem edil, daşa geçen görnüş ýaly arylaryň ketegine meňzeýär” diýip, rus alymy belleýär.

Käbir maglumatlara görä, bu altyburçluk bir öýjükli organizmleri tutmak üçin niýetlenenen özboluşlyja duzak bolup hyzmat edipdir. Bellenişine görä, has irki döwürde bal arylarynyň ululygy bir inedördül metre ýetipdir. Umuman alanyňda, tapyndynyň ýüze çykarylan ýerinde ýokarky hek döwrüniň deňiz galyndylary bar. Olaryň ýaşy bolsa, 60–80 million ýyla barabardyr.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: