Emeli intellekt, "Web3", metagiňişlik: 2023-nji ýyl tehnologiýa üstünlikleriniň ýyly boldy
19.12.2023 | 18:23 |2023-nji ýylyň jemlerini jemläp, şu ýylyň tehnologiýa ulgamynda gazanylan esasy üstünliklerine ser salalyň. 2023-nji ýylda emeli intellektiň, Internetiň 3-nji nesliniň we metagiňişlik düşünjesiniň utgaşmagy hakyky döredijilik we innowasiýa garyndysyna öwrüldi.
"ChatGPT" ulanyjylaryň isleglerine jogap berip, gepleşikleri dowam etdirip, goşgy ýazyp ýa-da kodlary, ýazgylary ýazyp bilýän we hatda şahsy maslahatlaryny berip bilýän umumy çat-botdyr. Ol iş prosesini ýönekeýleşdirdi we gündelik durmuşumyza emeli intellektiň jadylaýjy täsirlerini goşdy.
Ýazgylaryň esasynda janly we reňkli şekilleri döretmäge ukyply innowasion nerw ulgamy bolan “Midjourney” programmasy heniz bişmedik pikirleri haýran galdyryjy wizuallara öwürýän döredijilik Muzasy (grek rowaýatlaryndaky döredijiligiň hudaýy) boldy. Ol döredijilik işlerine emeli intellektli tehnologiýalary getirip, adamlaryň döredijilik işine çemeleşişini özgertdi.
Internetiň geljekki üçünji nesli (Web3) sanly gurşawda ynamy we aç-açanlygy berkitmegi maksat edinýär. Ol ygtybarly özara gatnaşygyň gadyryny bilýän müşderilerde uly seslenme döredýär.
Döredijilikli "pikirlenip" täze zatlary döretmäge ukyply emeli intellekt mazmun döretmekde täze gözýetimleri açdy. Ol döredijiligiň çäklerini giňeltdi we bir wagtlar diňe hyýalymyzyň bir bölegi bolan pikirleri durmuşa geçirdi.
2024-nji ýyla we geljege ser salamyzda bolsa, biz adamzadyň öňünde açylýan täze mümkinçiliklerden ruhlanýarys.
ORIENT news