Amazon lazer şöhlesi arkaly kosmosa sekuntda 100 gigabite ýetýän maglumat iberdi
15.12.2023 | 16:54 |Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Munuň üsti bilen Amazon sekuntda 100 gigabite ýetýän maglumat geçirişini we kabul edilmegini ýola goýmagy başardy. 1000 kilometr uzaklykda onlaýn dükanlarda satyn almalara öýkünmek we ýokary durulykly wideolary görmek ýaly lazer kanaly arkaly dürli maglumatlar iberildi we kabul edildi.
Orbitadaky aragatnaşyk hemralarynyň arasynda lazer aragatnaşygy Ýerdäki abonentlere pes derejeli gijikdirmeler bilen maglumat alyşmaga mümkinçilik berer. Netijede, ýolagçy uçarlarda we gämilerde ýolagçylar we uzak ýerlerde ýaşaýanlar çalt, hemme ýerde internet birikmelerinden lezzet alyp bilerler.
Amazon Project Kuiper aragatnaşyk hemra topary, SpaceX kompaniýasynyň Starlink hyzmatyna bäsdeş hökmünde döredilip, onuň hemralary 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Arş giňişliginde ýerleşdirilip başlanar.
ORIENT news