Iň täze habarlar

Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen halkara küşt festiwalynda ýeňiji boldy

10.12.2023 | 16:31 |
 Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen halkara küşt festiwalynda ýeňiji boldy

Küşt boýunça halkara ussat Saparmyrat Atabaýew 5-9-njy dekabrda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen “Casting-2023 Masters” küşt festiwalynda ýeňiji boldy. Bäsleşik 9 tapgyrda şweýsar ulgamyna laýyklykda geçirildi we 6 ýurtdan 62 wekil gatnaşdy.

6 tapgyryň netijelerine esaslanyp 6 utuk toplan Saparmurat esasy bäsdeşi - ABŞ-ly halkara grossmeýster Timur Garaýewi ýeňdi we şeýlelik bilen ýaryşda çempion boldy. Amerikaly küştçi münberiň ikinji basgançagyny, üçünji orny Täjigistandan gelen ussat Muhammet Husenhojaýew eýeledi.

20231209_155207.jpg

Munuň türkmen küştçisiniň Daşkent festiwalynda gazanan ýeke-täk üstünligi däldigini bellemelidiris. Saparmyrat ýaryşyň başyndaky 2497 utugyny 9 tapgyryň oýunlaryndan soň, ýene 7 utuk ýokarlandyrdy. Şeýlelik bilen, ol grossmeýster bolmak üçin iň soňky talaplary ýerine ýetirdi. Halkara küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) indiki mejlisinde Saparmyradyň resmi taýdan iň ýokary derejeli küştçi adyna eýe bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, 24 ýaşly küştçi türkmen taryhynda onunjy halkara grossmeýster bolar.

Şu ýylyň başynda Saparmyradyň doganoglany Ýusup Atabaýewiň hem grossmeýster derejesini alandygyny, geçen ýyl bolsa ýurduň iň ussat küşt oýunçylarynyň hataryna Türkmenistanyň çempiony Meýlis Annaberdeýewiň hem goşulandygyny bellemelidirs. Ondan öň, 2015-nji ýylda Saparmyradyň uly agasy Maksat Atabaýew grossmeýster boldy.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň küşt federasiýasy

Şeýle hem okaň: