Iň täze habarlar

Türkmenistanda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

11.12.2023 | 13:15 |
 Türkmenistanda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary geçirildi.

Diplomatlar sportuň woleýbol we küşt görnüşleri boýunça bäsleşdiler.

Netijede küşt boýunça birinji orny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgäri Kuwwat Reýimberdiýew, ikinji orny Gazagystanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri Çingiz Kakenow, üçinji orny bolsa Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow eýeledi.

Woleýbol boýunça ýaryşda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň topary birinji orny, ikinji we üçünji orunlary bolsa degişlilikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Russiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň toparlary eýelediler.

ORIENT news

Foto: iirmfa.edu.tm

Şeýle hem okaň: