Iň täze habarlar

"Huawei" hemra aragatnaşygyny goldaýan dünýäde ilkinji planşeti tanyşdyrdy

29.11.2023 | 12:23 |
 "Huawei" hemra aragatnaşygyny goldaýan dünýäde ilkinji planşeti tanyşdyrdy

Hytaýyň "Huawei" kompaniýasy hemra aragatnaşygyny goldaýan dünýädäki ilkinji planşet kompýuterini tanyşdyrdy.

Häzirki wagtda "MatePad Pro 11" (2024) atly planşet kompýuteri diňe Hytaýda elýeterlidir. Onda hemra aragatnaşygy ýerli "Beidou" ulgamynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Täze enjamy ulanyjylar Ýerden 36 müň kilometr ýokarda ýerleşýän "Beidou" orbitalary bilen baglanyşyp, Hytaýyň çäginde hemra aragatnaşygyny ulanyp bilerler.

Özi-de täze planşet kompýuterde goşmaça antennalaryň ýerine "Huawei" ösen tehnologiýany ulandy. Ondaky ýokary signal tutmak algoritmleri we innowasion aragatnaşyk protokollary aragatnaşygyň hilini ep-esli ýokarlandyrar.

"MatePad Pro 11" (2024) modelinde 2560 x 1600 piksel durulygyndaky 11 dýuýmlyk "OLED" ekrany bilen üpjün edilendir. Täze enjam örän inçejik görnüşde çykarylyp, onuň ölçegleri 249 × 160 × 5,9 mm bolup, agramy hem 449 gramdyr.

Enjam “HarmonyOS 4” platformasyny peýdalanýar.

"MatePad Pro 11" (2024) ýokary öndürijilikli 5G goldawyny üpjün edýän kompaniýa degişli "Kirin 9000S" prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr.

Satyn alyjylar 12 Gb RAM we 256 ýa-da 512 Gb ýatly planşetiň görnüşlerini saýlap bilerler. Onda 66 W çenli çalt zarýad almaga ukyply 8300 mAh kuwwatly batareýa oturdylandyr.

Ulanyjylar täze planşetde şeýle-de 10 müň basyş derejesini tanamak ukyby bolan "Huawei M-Pencil 3" stilini hem ulanyp bilerler.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: