Iň täze habarlar

Özbegistanda agaçlara pasport berler

29.11.2023 | 03:55 |
 Özbegistanda agaçlara pasport berler

Özbegistanda agaçlar üçin pasportlar giriziler.

Özbegistanyň Prezidengti Şawkat Mirziýoýew Daşkentdäki agaçlary pasportlaşdyrmak hakyndaky Permana gol çekdi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

Bu başlangyç “Ýaşil makon” umumilli taslamanyň çäklerinde synag tertibinde amala aşyrylar.

Özbegistanyň paýtagtynda agaçlary pasportlaşdyrmak üç tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda şahsy ýaşaýyş çäginde ýerleşýän agaçlardan daşgary ähli agaçlar doly hasaba alnar. Bu tapgyr 2024-nji ýylyň 1-nji martyna çenli tamamlanar.

Ikinji tapgyrda tükellemegiň netijesinde hasaba alnan agaçlaryň görnüşi, ýaşy, beýikligi, ýagdaýy we ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary özünde jemleýän maglumat binýady dörediler. Ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlanar.

2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam etjek üçünji jemleýji tapgyrda her bir agajyň pasport maglumatlary esasynda “Ýaşil makon” elektron platformasy dörediler we ID belgisi berler.

Geljekde agaçlary pasportlaşdyrmak çäresi ýurduň beýleki sebitlerinde hem geçiriler.

ORIENT news

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: