Türkmenistanyň iň gadymy ýatagynda nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberi artýar
21.11.2023 | 10:26 |Şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň iň gadymy nebit ýataklarynyň biri bolan Goturdepede 895 müň tonnadan gowrak “gara altyn” gazylyp alyndy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,5 müň tonna köpdür. Bu “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Mundan başga-da, ýatakda 361 million kub metrlik utgaşykly tebigy gaz öndürilip, bu babatda hem 6 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Goturdepenebit” bölüminiň hünärmenleri nebit çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edýärler.
Goturdepe - 1959-njy ýylda işlenip başlanan Türkmenistandaky iň gadymy nebit ýatagydyr. Şeýle-de bolsa, ilkinji buraw desgasy bu ýerde ondan 10 ýyl ozal guruldy. Şondan ýarym asyr töweregi wagtdan soň iri Demirgazyk Goturdepe ýatagy tapyldy.
ORIENT news