"Maksada okgunly" hususy kärhanasy: maksatlaryna ýetmek ýolunda
11.10.2023 | 16:45 |USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikanyň işiniň çäginde eksport tejribesini paýlaşan indiki telekeçimiz «Maksada Okgunly» kompaniýasynyň başlygy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy Maksat Ibragimowdyr.
ORIENT habarlar agentligi USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrika arkaly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sebitdäki söwda aragatnaşygyny gowulandyrmagy we sebitdäki ykdysady mümkinçilikleri giňeltmegi maksat edinýändigini ýatlatmagy isleýär. Bu bolsa gümrük we serhet gözegçilik proseduralaryny sazlaşdyrmak, söwda we maýa goýumlary boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, kärhanalaryň arasyndaky serhetaşa gatnaşyklary güýçlendirmek we söwdada jyns meselelerini çözmek ýaly meseleleri hem öz içine alýandyr.
"Maksada Okgunly" hususy kärhanasy 1998-nji ýylda işe başlady we wezipelerini ýerine ýetirmek üçin elmydama giňişleýin çemeleşýär: şu wagta çenli bu kärhana towuk, towşan we hindi towugy ösdürip ýetişdirmekde uly tejribäni ýygnady. Türkmenistanda ilkinji bolup et önümlerini eksport etmek üçin rugsatnamany almagy telekeçini diýseň buýsandyrýar.
Maksat eksport tejribesi barada aýdanda Türkmenistan halkara bazarlaryna girmek üçin ýönekeýleşdirilen talaplary ulanýan ýurtdygyny aýtdy. Harytlaryň eksporta taýýardygyny tassyklamak üçin telekeçi üç resminamany belläp geçdi: gelip çykyş şahadatnamasy, hil şahadatnamasy we önümiň laýyklyk şahadatnamasy.
Şeýle hem, "Maksada Okgunly" hususy kärhanasynyň başlygy kompaniýasynyň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Hususan-da, import edilýän analoglardan birnäçe esse arzan boljak çaga iýmitiniň önümçiliginiň başlanmagy indiki ýylyň başynda meýilleşdirilýändigini aýdyp geçdi. Indi bolsa, Maksat Ibragimow bilen geçirilen söhbetdeşligi giňişleýen görüp bilersiňiz.
Bu neşir USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlandy.