Iň täze habarlar

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

23.09.2023 | 15:52 |
 Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

"Türkmendemirýollary" agentliginiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly Koreýa Respublikasynyň Ulag, infrastruktura we ýer serişdeleri ministrliginiň, Koreýanyň Demir ýol korporasiýasynyň we "Koreýanyň Demir ýollary" döwlet kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu pudakdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny öwrenmek maksady bilen şu ýylyň oktýabrynyň ahyrynda ýa-da noýabryň başynda koreý wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak ylalaşyldy.

Türkmen tarapy kärdeşlerini Aşgabatda 1-nji noýabrda geçiriljek 16-njy "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çagyryldy.

ORIENT news

Foto: @tmembassy_korea

Şeýle hem okaň: