Iň täze habarlar

Ilkinji ädimi ätmäge ýardam ýa-da mümkinçiligi çäkli çagalaryň ilkinji ädimleri

08.08.2023 | 09:41 |
 Ilkinji ädimi ätmäge ýardam ýa-da mümkinçiligi çäkli çagalaryň ilkinji ädimleri

Çaganyň ilkinji äden ädimleriniň şaýady bolmak her bir ene-atanyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakadyr. Mümkinçiligi çäkli bolup, wagty bilen aýak bitmedik çaganyň ilkinji ädimlerini görmegiň ene-ata üçin nähili bagtdygyny welin özüňiz biliberiň. Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkezinde şeýle çagalar özleriniň ilkinji ädimlerini ädýärler. Ene-atany umyt bilen garaşdyran bu ädimleri görmek her bir adam, şol sanda sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işgärleri üçin hem guwandyryjy waka, olaryň azaplarynyň ýerine düşdügi.

Çünki, mümkinçiligi çäkli çaga ýöremek endigini öwretmek, kemala getirmek üçin uzak wagt, hatda birnäçe ýyllar sarp edilýär. Bu arzyly pursada – buşluk habaryna bolsa, her bir ene-ata uly umyt bilen garaşýar.

“Ejeler bu habary eşidip, begenjinden aglaýarlar. Agy we begenç gatyşykly ses bilen bolsa, “Balam ýöräp başlady! Ömrüňiz bolsun! Siziň azabyňyz bilen!” diýen sözler telefondan ýaňlanýar. Bu sözleri eşitmek ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Çünki, şeýle pursatlar üçin birnäçe aýlar, hatda, ýyllar bejeriş üçin sarp edilýär. Biz bir çaganyň aýak alyp gitmegi, bu baradaky hoş habary ene-ata buşlamak, begendirmek üçin hem zähmet çekýäris” diýip Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň orunbasary Läle Tuliýewa gürrüň berýär.

Так в Центре проходят занятия лечебной физической культуры (ЛФК) совместно с инструктором. ЛФК — одна из важнейших составляющих реабилитации детей с инвалидностью

Merkezde tälimçiniň gatnaşmagynda sagaldyş bedenterbiýe maşklary geçirilýär. Bu maşklar mümkinçiligi çäkli çagalary bejermekde möhüm ähmiýete eýedir

Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkezi ýerine ýetirýän işi bilen her günde mümkinçiligi çäkli çagalaryň durmuşynyň doly derejeli we bagtyýar bolup biljekdigini subut edip gelýär. Haýyr-sahawat guramasynyň amala aşyrýan bu asylly işlerine hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri we döwlet edaralary ýakyndan ýardam berýärler. Bejeriş işlerinden daşary, bu merkez hasapda duran haýyr-sahawata mätäç, mümkinçiligi çäkli çagalaryň derman serişdelerine we lukmançylyk enjamlaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça hem iş alyp barýar.

Sagaldyş-dikeldiş merkezinde esasan zenanlar zähmet çekýär. Bu ýerde degişli lukmançylyk ugrunda ýokary bilimi bolan hünärmenler bilen bir hatarda, mümkinçiligi çäkli çagalara biparh garap bilmeýän meýletinçi adamlar özleriniň yhlaslaryny, bilimlerini gaýgyrmaýarlar.

Merkeziň ýolbaşçy otagy ýönekeýje enjamlaşdyrylypdyr. Otagda iki sany stol, şkaf, ýerleşip, ýurdumyzda öndürilen “Tolkun” modelli telewizor arkaly bolsa merkeziň uly bolmadyk çägine wideogözegçilik edilýär. Merkeziň beýleki otaglary hem mümkiçiligi çäkli çagalaryň türgenleşik maşklaryny geçmekleri üçin ýörite enjamlary, dürli reňkli partalary we stullary özünde jemleýär. Otaglaryň diwarlarynda bolsa merkeziň guran çärelerini we çagalaryň bagtyýar pursatlaryny janlandyrýan suratlar asylypdyr.

фото 3.jpg

Merkeziň uly bolmadyk çäginde çagalaryň tomusky wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin suwa düşülýän howuz gurlupdyr

Çägeden dürli döredijilik işlerini ýasamaga şert döredýän bejeriş stoly çagalaryň iň gowy görýän ýerleriniň biri. Bu ýerde çagalar dürli reňkde öwşün atýan stolda çägeden dürli şekilleri ýasaýarlar we aň başarnyklaryny ösdürýärler.

Merkezdäki ähli zatlar haýyr-sahawat hökmünde geçirilen serişdeleriň hasabyna üpjün edilipdir.

Meýletinçiler hem sagaldyş-dikeldiş merkezine ägirt uly kömek berýärler. Olaryň biri çagalar okuw gollanmalaryny satyn alyp gelse, başga biri türgenleşik otaglaryny ýörite enjamlar, oýunjaklar we beýleki gerekli zatlar bilen üpjün etmäge ýardam berýärler. Munuň üçin sarp edilýän serişdeleriň bir bölegi haýyr-sahawat guramasynyň bank hasabyndan alynýar (haýyr-sahawat gaznasyna pul geçirmek üçin bank hasaby makalanyň ahyrynda getirilýär).

Так прошло одно из торжественных мероприятий Центра — детей навестили звезды туркменской эстрады, которые исполнили вживую песни

Merkezde çagalaryň ýylgyryşyna sebäp bolmak üçin dürli çäreler geçirilýär. Ýakynda türkmen estrada ýyldyzlary janly sesde aýdymlary ýerine ýetirdiler

«Bu ýerde köp sanly çaga uly durmuşa gadam basdy. Gürläp bilmeýän çagalar dil açdy. Ene-atalaryň köpüsi biziň edýän işimizden örän hoşal. Üstesine bu ýerde hemme zat muzdsuz ýerine ýetirilýär. Biz diňe eden işimiziň netijesiniň bolmagy üçin oňa söýgi we hünär taýýarlygy bilen ýapyşýarys», — diýip, merkeziň logopedi Leýla Öwlýakuliýewa gürrüň berýär.

Merkezde sagaldyş-dikeldiş bedenterbiýe zaly, massaž otagy, türgenleşik edilýän ýerler, logopedleriň, dürli usullarda bejeriş-türgenleşik geçilýän otaglar, suw howuzy, saz we şekillendiriş gurnaklary bar.

На фото — один из подопечных Центра на процедурах в кабинете лечения озокеритом и парафином

Merkeziň ozokerit we parafin bejergi alynýan otagy

Merkeziň hünärmenleri bu ýerde bejergi alýan çagalaryň sagalyp gitmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Mysal üçin, Maral atly bejeriş bedenterbiýesi boýunça mugallym çagalaryň aýak üstünde durup, hereket edip bilmegi üçin dürli maşklary etdirýär.

“Haçanda, çagalaryň hereket ediş synalary bilen bagly keselleri bolanda, biz ilkinji nobatda şeýle çagalaryň ýönekeýje hereketleri, şol sanda bir zady tutup saklap bilmegi üçin dürli maşklary geçýäris. Soň bejeriş işiniň täsirine baglylykda, çaga kelle we beýleki synalaryny hereketlendirip bilmegi, soňky tapgyrlarda bolsa, oturyp, dik durup, ýöräp bilmegi üçin maşklary ýerine ýetirýäris. Çaga bu hereketleri özleşdirýänçä örän köp wagt sarp edilýär.” diýip, bejeriş bedenterbiýesi boýunça mugallym gürrüň berýär.

Maral Kakajan atly oglanjygyň sagalyp gidişi hakynda gürrüň berdi. Oglanjygyň ilkibaşda boýnuny we ellerini, aýaklaryny hem biraz hereketlendirip bilýärdi. Oglanjyk aktiw we passiw gimnastika bilen meşgullandy. Passiw maşk bolanda, mugallym beden myşsalaryny herekete getirmek üçin çaganyň beden agzalaryny hereketlendirýär. Aktiw maşkda bolsa, çaga hemme hereketleri özi ýerine ýetirýär.

Альпинистский клуб «Агама» предоставил Центру скалодром — стенку для занятий скалолазанием. Занятия на ней во время ЛФК помогают детям укрепить руки

“Agama” alpinistler kluby çagalaryň el we aýak myşsalaryny berkitmekleri üçin dyrmaşylýan gaýa diwarlygyny sowagt edipdir.

Merkezde çagalaryň beden taýdan sagdyn ösmegi bilen birlikde, akylly-başly kemala gelmekleri ugrunda dürli sapaklar geçilýär. “Köp ene-atalar ilki bilen çagalarynyň beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri barada aladalnýarlar. Olaryň pikiriçe, çaga beden taýdan sagdyn ýetişensoň, aň taýdan ösdürse bolar diýip düşünýärler. Ýöne, çaganyň ösüşinde bularyň ikisem örän möhüm zat. Şonuň üçin-de biz bu iki zady aýratynlykda däl-de, bilelikde kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn bejergi işlerini alyp barýarys” diýip, Maral gürrüň berýär.

Kakajanyň özbaşdak ýöräp bilmek endigini ele alýança 3 ýyla golaý wagt sarp edilipdir. Ýöne, ýagdaýlar her hili bolup bilýär. Merkeze Maşa atly gyzjagaz getirilende, onuň bary-ýogy bir ýaşy dolan eken.

ФОТО 7.jpg

Bu ýakynda özbaşdak ýöräp başlan Maşa atly gyzjagaz. Onuň elinde merkezde guralan bir çärede sazandalaryň biriniň sowgat beren skripka taýajygy bar

Maşanyň bejergi işleri iki ýyla golaý wagty aldy. Şeýle saglyk ýagdaýly Gülnaz atly başga bir gyzjagaza azrak wagt sarp edildi. Gyzjagazlaryň ikisiniň hem süňk bogunlarynda kemçilik bardy. Gülnäziň aýaklary diýen etmezekdi.

“Ejesi Gülnäzi getirende ony poluň üstünde goýupdy. Gyzjagaz meniň stoluma golaýlaşdy-da, ruçkany aldy we žurnalyň ýüzüne surat çekmek isleýändigini yşarat etdi. Men oturyp pikir edýän: “Çagajyk durup bilýär. Ol bize bir aý mundan öň gelipdi. Näme bolduka?”. Ejesinden soraýan, ol bolsa hemme zada “Hawa” diýäge-de gitmek bilen boldy. Gyzjagazy bejermek üçin bary-ýogy bir aý sarp edildi” diýip, Maral ýatlaýar.

Şeýlelikde, mümkinçiligi çäkli çagalary bejermek – bu diňe merkeziň alyp barýan işiniň diňe bir bölegi.

Öz işleýän otagyna alyp baryp, logoped Leýla Öwlýakulyýewa şeýle gürrüň berýär: “Bu ýerde men çagalar bilen gürleşip, olary pikirlendirmäge, dünýä, ýaşaýyş barada bilmäge we pikir alyşmaga ugrukdyrýaryn. Sebäbi, daýanç-hereket synalarynda kemçilik bolan çagalar hiç ýere çykyp bilmeýärler, beýleki çagalar bilen aragatnaşykdan uzakda bolýar. Olaryň dünýägaraýşy dar bolýar. Şonuň üçin, olara ýönekeýje zatlary öwretmek gerek bolýar. Biz öz işimizi söýýäris. Sebäbi, bu çagajyklar örän eýjejik we olar beýlekileriň kömegine mätäç”.

Так весело и с пользой логопед Лейла Овлякулиева проводит занятия с детьми-инвалидами в своем классе

Logoped Leýla Öwlýakulyýewa öz iş otagynda çagalar bilen gönükmeleri netijeli we şatlykly geçirýär

Merkezde geçirilýän yzygiderli tälimdir gönükmeler bilen mümkinçiligi çäkli çagalar diňe bir durmuş, dünýä hakynda käbir zatlary öwrenmän, beýleki adamlar bilen, şol sanda özlerine mährem mugallymlar bilen bolmaga hem mümkinçilik alýarlar. Olar bu ýerde oýnap, gürleşmegi öwrenýärler hem-de özlerini jemgyýetiň doly derejeli adamy hökmünde duýýarlar.

Merkez her ýylda 10 – 15 töweregi çagaly topar bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugradýar. Bu mümkinçiligi çäkli çagalaryň durmuşynda iň uly ilkinji syýahata öwrülýär.

фото 9.jpg

Merkez tarapyndan guralan Awaza bolan syýahatyň barşynda, Maşa deňiz kenaryndaky çägede oýnaýar

Çaglar paýtagtymyzyň demir ýol menzilinden dabaraly ýagdaýda ugradylýar. Olary şeýle hem, ene-atalar, merkeziň mugallymlary we tälimçileri şadyýan ugradýarlar. Awazadaky türgenleşik zallarynda we ýörite suw howuzlarynda bejeriş çärelerini geçýärler. Bu ýerde çagalar muzdsuz iýmitlendirilip, lezzet almaga mümkinçilik döredilýär.

Сотрудники кухни одного из отелей Авазы вышли сфотографироваться вместе с детьми-инвалидами и их родителями

Awazadaky myhmanhananyň aşpezleri mümkinçiligi çäkli çagalar we olaryň ene-atalary bilen surata düşýärler

Дети с инвалидностью занимаются на тренажерах в одном из отелей Авазы под наблюдением инструктора ЛФК

Awazadaky myhmanhananyň türgenleşik zalynda mümkinçiligi çäkli çagalar tälimçiniň hereketlerini gaýtalap, türgenleşik geçýärler

Deňiz kenaryna şeýle syýahatlar Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýüz tutan myhmanhanalarynyň we beýleki guramalarynyň eden ýardamynyň hasabyna amala aşyrylýar. Haýyr-sahawata mätäç çagalar üçin şeýle çäreleri guramak üçin hemaýatçylary gözläp tapmak bilen merkeziň uly bolmadyk dolandyryjy agzalary, şol sanda direktoryň orunbasary Läle Tuliýewa meşgullanýar. Onuň sözlerini biz makalanyň başynda hem getiripdik.

“Biziň merkezimizde bejergi alýan çagalar ýyl geçdigiçe köpelýär. Häzir bu ýerde olaryň sany 300-den geçýär. Eger-de, biz 2017-nji ýylda 3600 sagat bejeriş işlerini geçiren bolsak, bu görkeziji geçen ýylda 5600 sagada ýetdi. Görnüşi ýaly, biz iň zerur bejeriş işlerine – sagaldyş maşklaryna, çagalary aýaga galdyrýan beýleki sagaldyş-dikeldiş işlerine sarp eden wagtymyzy bir ýarym esse artdyrdyk”.

Şu ýerde, birnäçe ýyl bejeriş işlerini geçip, eýýäm ýeterlik fiziki we pshihologiki ýagdaýa gelen çagalar hem merkeze getirilip, bu ýerdäki hünärmenlere görkezilýär. Çünki, ene-atalar merkeziň işgärleriniň edýän yhlasly zähmetine uly hormat goýup, ynam bildirýärler. Çagalar, ene-atalaryň özleri-de, merkeziň işine ussat işgärleriniň bejeriş işlerini dowam etdirmeklerini kem görenoklar.

Olaryň dogry pikir edýändiklerine biz hem ynanýarys.

Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkezinden onlarça çaga dürli ugurlarda, şol sanda sportda görnükli netijelere eýe boldular.

Merkeziň ene-atalaryň çagalarynyň sagalmak baradaky umytlaryny hasyl edýändigi bilen hem täsindir. Maýyplyk derdine duçar bolup görmedik käbir ene-atalaryň mümkinçiligi çäkli doglan çagalarynyň doly derejedäki adam bolup biljekdiklerine ynamy gaçýar. Bu ýere gelen ene-atalar beýle näumyt pikirlerden saplanyp, çagalary baradaky hoş habara ynamly garaşýarlar.

Çagalaryň özleri hem bu ýeri gowy görýärler.

“Bizdäki işgärler ak ýektaýda gezmeýärler. Şonuň üçin-de, çagalar olardan lukmandyr öýdüp çekinmeýärler. Bizde çagalary gyzyklandyrmaga hemişe täzelik tapylýar. Türgenleşik üçin zal, alpinizim bilen meşgullanmak üçin şwed diwarlygy, çägedäki art-terapiýa üçin stol – bularyň ählisini çagalar gowy görýärler. Olar bu ýerlerde oýnap bolanlaryndan soň, ertesi gün ýene şol ýerlere barmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar” diýip, merkeziň direktorynyň orunbasary aýdyp berýär.

Merkeziň alyp barýan işine her bir adam özüniň ýardamyny berip biler. Bu maddy kömek bolsun, ýa-da meýletin gelip, bu ýerdäki çagalara ýardam bermek bolsun, tapawudy ýok. Onsoňam, dünýäde diňe özüň üçin hem ýaşamaly däl. Edilen her bir ýagşylyk merkeziň çagalary üçin-de, adamyň ýaşan öz ömri üçin-de uly sogapdyr. Asylly işe goşulmaklyk bolsa, jemgyýeti jebisleşdirýär.

Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkeziniň haýyr-sahawat işleri üçin bank hasaplary:

«Türkmenistan» DTB Aşgabat ş.
H/h-23205934150658800007000
MFO-390101506 s/k-102201000253
Korr/h-21101934110100900009000

Тел: (+993 65) 500813, (+993 12) 936399.
Email: mayyplary.dikeldis.merkezi@gmail

Eziz ÖWEZOW

Foto: Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkezi

Şeýle hem okaň: